Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Şamuwel heniz otukmadyk bir guzyny Rebbe başbütin ýakma gurbanlyk berdi. Soň ol Ysraýyl üçin Rebbe perýat etdi; Reb oňa seslendi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Шамувел хениз отукмадык бир гузыны Реббе башбүтин якма гурбанлык берди. Соң ол Ысрайыл үчин Реббе перят этди; Реб оңа сесленди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 7:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


«Göle, guzy ýa-da owlak doglandan soň, ol ýedi günläp enesiniň ýanynda bolsun. Sekizinji günden başlap, ol Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde kabul ediler.


Men Rebbe ýüzlenip, şeýle dileg etdim: „Eý, Hökmürowan Reb, Öz saýlan aýratyn halkyňy ýok etme. Sen olary Öz beýikligiň bilen gulçulykdan azat edip, gudratly goluň bilen Müsürden çykaryp getirdiň.


Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.


Soňra belentde Hudaýyňyz Rebbe gurbanlyk sypasyny gur. Ikinji öküzi soý-da, ony şol ýerde Aşera butundan alnan odun bilen ýakyp, ýakma gurbanlyk edip ber» diýdi


Galanyň adamlary irden turanlarynda Bagalyň gurbanlyk sypasynyň ýykylandygyny, onuň ýanyndaky Aşera butunyň çapylandygyny, täze gurlan gurbanlyk sypasynda ikinji öküziň ýakylandygyny gördüler.


Indi menden öň aşak, Gilgala in. Ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek üçin, ol ýere men hem barjak. Ýedi gün garaşanyňdan soň, ýanyňa baryp, näme etmelidigiňi aýdaryn».


Häzir tomus, şeýle dälmi! Men Rebbi çagyrjak. Ol ýagyş ýagdyrar hem-de gögi gümmürdeder. Şonda özüňize patyşa soramak bilen Rebbiň öňünde juda pis iş edendigiňize siz göz ýetirersiňiz».


Şamuwel: «Men nädip gideýin? Eger Şawul eşidäýse, ol meni öldürer» diýdi. Reb oňa şeýle diýdi: «Ýanyňa bir göle al-da, „Men Rebbe gurbanlyk bermäge geldim“ diý.


Men Özüme göwnümden turjak we pisindim oturjak işleri etjek wepadar bir ruhany saýlaryn. Men onuň neslini ebedileşdirerin, ol ömürbaky Meniň seçip-saýlan patyşamyň huzurynda gezer.


Ol soňra özüniň Ramadaky öýüne gaýdyp, şol ýerden hem Ysraýyla serdarlyk etdi. Ol Ramada Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy.


Olar şeýle jogap berdiler: «Hawa, hanha, öňüňizden barýar. Eglenmäň. Onuň gala gelip durşy, sebäbi depelikdäki seždegähde bu gün halk gurbanlyk berýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ