Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 7:6 - Mukaddes Kitap

6 Olar Mispada ýygnanyşdylar. Olar guýudan suw çekip, ony Rebbiň huzurynda ýere döküp: «Biz Rebbiň öňünde günä gazandyk» diýip, şol gün agyz beklediler. Şeýdip, Şamuwel Mispada ysraýyllara serdar boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Олар Миспада йыгнанышдылар. Олар гуюдан сув чекип, оны Реббиң хузурында ере дөкүп: «Биз Реббиң өңүнде гүнә газандык» дийип, шол гүн агыз бекледилер. Шейдип, Шамувел Миспада ысрайыллара сердар болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 7:6
47 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu uly daşa Mispa diýip at dakyldy, çünki Laban: «Biri-birimizden uzak düşen mahalymyz, Reb bizi gözden salmasyn» diýdi.


Dökülip, topraga siňip giden suw ýaly, ählimiz dünýäden öteris. Ýöne Hudaý jany almaz. Ol kowlanlary Özünden uzaklaşdyrmazlygyň alajyny tapýar.


olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk edip, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip,


Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdiler. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi.


Ýehoşapat gorkup, Rebbi agtarmagy ýüregine düwdi. Ol bütin Ýahudada agyz beklemekligi yglan etdi.


Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar Saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň bilen ysraýyllary duşman elinden halas eder ýaly halasgärler berdiň.


Dostlarym meni masgaralaýarlar, Hudaýa göz-ýaş edýän.


Çörege derek ahy-zar ýuwudýan, ahy-nalalarym edil suw kimin dökülýär.


Ol halkyň öňünde aýdym aýdyp: „Günä etdim, dogry ýoldan çykdym, emma Hudaý maňa jeza bermedi.


Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy? Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy?


Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Sen hakykatyňy, nuruňy iber, goý, olar ýol görkezsin maňa; goý, olar meni äkitsin, mukaddes dagyňa we ýaşalgaňa.


Çünki Seni gabyrda ýatlamak ýokdur; Saňa ölüler dünýäsinde kim öwgi aýdar?


Çünki Sen meniň kömegim bolduň; ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp, nagma aýdaryn.


Ýolumy urduramdan soň puşman eýledim, akylyma aýlananymda dyzyma urdum. Ýaşlygymda eden aýyp işlerimden ýaňa utandym hem ile ryswa boldum“.


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň bäşinji ýylynyň dokuzynjy aýynda Iýerusalim bilen Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halk Rebbiň öýünde agyz beklemegi yglan etdi.


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Gözlerim ýaş dökmekden küteldi, içim ýanýar. Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly gara bagrym gan bolýar, çünki şäheriň köçelerinde çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar.


Reb gökden aşak nazar salýança, gözýaşlarym hiç tükenmez, asla kepemez.


Başymyzdan täç gaçdy. Waý halymyza! Çünki günä etdik.


Olary höküm et, eý, ynsan ogly, olary höküm et! Olara ata-babalarynyň nejis işlerini aýdyp ber“».


«Muny eşidiň, eý, ruhanylar. Dykgat ediň, eý, ysraýyllar! Gulak as, patyşanyň öýi! Siziň üstüňizden höküm çykarylar. Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz. Taborda gurlan tor bolduňyz.


Reb heniz şuny aýdýandyr: «Agyz bekläp, aglap, ýas tutup, tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň.


Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin.


Siziň nesilleriňiz öz etmişlerini we atalarynyň etmişlerini, olaryň Maňa biwepalyk edip, Meniň garşyma gidendiklerini we Meniň hem olara garşy gidip, olary duşmanlarynyň ýurduna getirendigimi boýun alarlar. Siziň nesilleriňiz boýnuýogynlyk etmeklerini bes edip, öz günäleri üçin ötünç soranlaryndan soň, Men Ýakup bilen eden ähtimi, Yshak bilen eden ähtimi, Ybraýym bilen eden ähtimi we ýurdy size bererin diýip eden wadamy ýatlaryn.


Gowusy, kakamyň ýanyna baryp, oňa: ‘Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim.


Olar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günä etdik, öz Hudaýymyz Seni terk edip, Bagal butlaryna gulluk etdik» diýip eňreşdiler.


Ysraýyllar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günäli, bize islän jezaňy berip bilersiň, ýöne bu gün bizi halas et!» diýdiler.


Rebbiň perişdesi bu sözleri aýdanda, ähli ysraýyllar möňňürip aglaşdylar.


Şonda ähli ysraýyllar tutuş halk bolup, Beýtele bardylar. Olar oturyp, Rebbiň huzurynda agladylar we şol gün agşama çenli agyz beklediler. Mal soýup, Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.


Rebbiň Ruhy Otniýele indi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi.


Hanna oňa: «Ýok, agam, men serhoş däl, men ýarym göwün bir biçäre. Meniň çakyr-şerapdan içen zadym ýok. Men diňe Rebbiň huzurynda içimi dökýän.


Soňra Şamuwel Mispada ysraýyl halkyny Rebbiň huzuryna çagyryp,


Şonda ata-babalaryňyz: „Biz günä gazandyk. Rebden ýüz öwrüp, Bagal we Aştoret butlaryna gulluk etdik. Indi bizi duşmanlarymyzyň elinden al, biz Saňa gulluk etjek“ diýip, Rebbe perýat etdiler.


Şamuwel ömri ötýänçä, Ysraýyla serdar boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ