Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 7:2 - Mukaddes Kitap

2 Sandyk uzak wagtlap – ýigrimi ýyla golaý Kirýatýegarymda galdy. Şol arada tutuş ysraýyl halky Rebbe nalyş etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Сандык узак вагтлап – йигрими йыла голай Кирятегарымда галды. Шол арада тутуш ысрайыл халкы Реббе налыш этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 7:2
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soň Hudaýymyzyň Äht sandygyny getireliň. Çünki Şawulyň günlerinde biz ony idemedik».


Şeýdip, Dawut Hudaýyň sandygyny Kirýatýegarymdan getirmek üçin, Müsüriň çägindäki Şihor derýasy bilen Lebohamat aralygyndaky ähli ysraýyllary ýygnady.


Rebbiň adyndan pygamberlik eden ýene bir adam bardy, ol kirýatýegarymly Şemagýanyň ogly Uryýady. Ol hem edil Ýermeýa ýaly sözläp, bu şäher bilen ýurduň garşysyna pygamberlik etdi.


Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr.


Olar aglaý-aglaý gelerler, yzlaryna getirenimde doga okarlar. Olary akar suwlaryň boýy bilen, taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin. Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn, Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.


Gussa çekýänler bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler.


Ysraýyllar ýöriş edip, üç gün diýlende olaryň Gibgon, Kepira, Beýerot, Kirýatýegarym galalaryna gelip ýetdiler.


Rebbiň perişdesi bu sözleri aýdanda, ähli ysraýyllar möňňürip aglaşdylar.


Şondan soň kirýatýegarymlylar gelip, Rebbiň sandygyny alyp gitdiler. Olar ony depäniň üstünde ýaşaýan Abynadabyň öýüne getirdiler we onuň ogly Elgazary Rebbiň sandygyna gözegçilik etmäge bagyş etdiler.


Ahyry bir gün Şamuwel tutuş Ysraýyl nesline ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger siz bütin kalbyňyz bilen Rebbe dolanmakçy bolsaňyz, onda Aştoret we beýleki keseki hudaýlaryňyzdan geçiň, özüňizi Rebbe bütinleý bagyş ediň we diňe Oňa gulluk ediň. Şeýtseňiz, Ol sizi piliştlileriň elinden halas eder».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ