Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 7:17 - Mukaddes Kitap

17 Ol soňra özüniň Ramadaky öýüne gaýdyp, şol ýerden hem Ysraýyla serdarlyk etdi. Ol Ramada Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Ол соңра өзүниң Рамадакы өйүне гайдып, шол ерден хем Ысрайыла сердарлык этди. Ол Рамада Реббе гурбанлык сыпасыны гурды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 7:17
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Ýakup bu ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ony El-Elohe-Ysraýyl diýip atlandyrdy.


Ýakup ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ol ýeri «Beýteliň Hudaýy» diýip atlandyrdy, sebäbi Ýakup doganyndan gaçyp barýarka, Hudaý Özüni şol ýerde oňa aýan edipdi.


Geçelgeden geçýärler olar, Gebada bir gije düşleýärler, Rama şäheri lerzana gelýär, Şawulyň Gibga şäheriniň ilaty gaçýar.


Ol Efraýym daglygynda, Rama bilen Beýteliň aralygyndaky palma agajynyň aşagynda oturýardy. Deboranyň buýrugyny eşitmek üçin ysraýyllar onuň ýanyna gelerdiler.


Gidegon ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy we ony «Reb rahatdyr» diýip atlandyrdy. (Bu gurbanlyk sypasy abygezer urugynyň Opra galasynda, dubuň astynda henize çenli dur.)


Efraýym daglygyndaky Ramataýymsopym galasynda Elkana diýen bir adam ýaşaýardy. Efraýym tiresinden bolan bu adam Ýerohamyň ogly, Elihuwyň agtygy, Tohuwyň çowlugy we Supuň ýuwlugydy.


Ertesi irden turup, olar Rebbe sežde etdiler, soňra yzlaryna gaýtdylar we Ramadaky öz öýlerine dolanyp geldiler. Elkana öz aýaly Hanna ýanaşdy; Reb onuň dilegini kabul etdi.


Şondan soň tutuş halk Gilgala gitdi. Ol ýerde olar Rebbiň huzurynda Şawuly täzeden patyşa diýip yglan etdiler we Rebbiň huzurynda salamatlyk gurbanlygyny berdiler; Şawul we ähli ysraýyllar uly toý tutdular.


Şawul ol ýerde Rebbe bir gurbanlyk sypasyny ýasady. Bu onuň Rebbe ýasan ilkinji gurbanlyk sypasydy.


Soňra Şamuwel Rama, Şawul bolsa öz Gibgadaky öýüne gitdi.


Soňra Elkana öýüne – Rama dolandy. Şamuwel bolsa Rebbe gulluk etmek üçin, Eliý ruhanynyň ýanynda galdy.


Şamuwel ölüpdi we bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutupdy. Ony Ramada – öz galasynda jaýladylar. Şawul bolsa porhanlardyr jadygöýleri çykaryp kowupdy.


Ysraýylyň ähli ýaşululary ýygnanyşdylar we Ramada oturýan Şamuweliň ýanyna baryp: «Indi seniň-ä ýaşyň birçene bardy, ogullaryň bolsa seniň yzyňy tutmadylar. Şoňa görä, beýleki milletlerde bolşy deý, üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle» diýip, oňa ýüz tutdular.


Olar şeýle jogap berdiler: «Hawa, hanha, öňüňizden barýar. Eglenmäň. Onuň gala gelip durşy, sebäbi depelikdäki seždegähde bu gün halk gurbanlyk berýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ