Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 7:10 - Mukaddes Kitap

10 Şamuweliň Rebbe ýakma gurbanlyk berýän wagty, ysraýyllaryň üstüne çozmak üçin, piliştliler olaryň alkymyna geldiler. Emma Reb ol gün güňleç ses edip, piliştlileri aljyraňňylyga saldy; olar ysraýyllardan ýeňlip gaçdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Шамувелиң Реббе якма гурбанлык берйән вагты, ысрайылларың үстүне чозмак үчин, пилиштлилер оларың алкымына гелдилер. Эмма Реб ол гүн гүңлеч сес эдип, пилиштлилери алҗыраңңылыга салды; олар ысрайыллардан еңлип гачдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 7:10
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri goý, Seniň huzuryňda kabul edilsin, ýa Reb, meniň Gaýam hem Halasgärim.


Ýa Reb, Hudaýym, Saňa dat-perýat etdim, Sen hem maňa şypaňy berdiň.


Ýa Reb, Sen meniň janymy ölüler dünýäsinden çykaryp aldyň; gabra inmezim ýaly, ýaşaýyş berdiň.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Reb size garşy baş göteren duşmanlaryňyzy siziň öňüňizde derbi-dagyn eder. Olar siziň üstüňize bir tarapdan çozup, yzlaryna çar tarapa gaçarlar.


Reb hem ysraýyllary gören badyna olaryň ýüreklerine howsala düşer ýaly etdi. Ysraýyllar olary Gibgonda derbi-dagyn etdiler. Beýthoron geçelgesine gidýän ýol bilen Azeka we Makeda çenli gaçanlarynyň yzyndan kowalap, olary gyrdylar.


Baragyň goşuny bilen Siseranyň goşuny söweşip başlanda, Reb Siseranyň esgerlerini we söweş arabalaryny derbi-dagyn etdi. Sisera arabasyndan düşüp, pyýadalap gaçdy.


Asmandan ýyldyzlar lowurdap, öz ýolunda Sisera bilen söweşdi.


Olar täze hudaýlary saýlan wagty uruş gala derwezesine gelip ýetipdi. Ysraýylyň kyrk müň esgeriniň ählisi ne galkanyn tapdy, ne-de naýzasyn.


Häzir tomus, şeýle dälmi! Men Rebbi çagyrjak. Ol ýagyş ýagdyrar hem-de gögi gümmürdeder. Şonda özüňize patyşa soramak bilen Rebbiň öňünde juda pis iş edendigiňize siz göz ýetirersiňiz».


Düşelgedäkileri, meýdandakylary, ähli halky aýylganç gorky gaplap aldy. Bölümdäkiler, hatda hüjümçiler gorkudan ýaňa sandyraşdylar, ýer titredi we Rebden gelen güýçli gorky gaplap aldy.


Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».


Ysraýyllar Mispadan çykyp, piliştlileri Beýtkaryň etegine çenli kowalap, olary gyrdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ