Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 6:6 - Mukaddes Kitap

6 Näme üçin siz müsürlileriň we faraonyň edişi ýaly doňýüreklik edýärsiňiz? Tä ysraýyllara Müsürden çykmaga ygtyýar berýänçäler, olaryň nähili aňkasyny aşyrandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Нәме үчин сиз мүсүрлилериң ве фараоның эдиши ялы доңйүреклик эдйәрсиңиз? Тә ысрайыллара Мүсүрден чыкмага ыгтыяр берйәнчәлер, оларың нәхили аңкасыны ашырандыгыны ядыңыздан чыкармаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 6:6
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý paýhaslydyr, gudratlydyr, Onuň garşysyna gidip, Ondan üstün çykan barmydyr?


Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, howlularyna giriň.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Men müsürlileri doňýürek ederin, şeýdip, olar siziň yzyňyzdan kowup gaýdarlar. Faraonyň, onuň bütin goşunynyň, söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üsti bilen Men şöhrat gazanaryn.


Müsürliler olary yzarlap gelýärdiler, faraonyň ähli atlary, onuň söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri olaryň yzyndan kowup, deňziň ortasyna girdiler.


Reb Musa şeýle diýdi: «Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men faraony doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez.


Faraonyň ýüreginiň doňy entek hem çözülenokdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol heniz hem bulara gulak gabartmaýardy.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraon doňýürek adam, ol halky goýbermekden ýüz öwürýär.


Faraon bu zatlary görüp, göwni aram tapdy. Soň ýene-de özüniň doňýürekligini etdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady.


Emma faraon bu gezek hem doňýürekligine galdy we ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.


Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün.


Ýöne faraon ýagşyň, dolynyň we gök gürrüldisiniň kesilenini görende, ýene-de günä etdi. Faraon we onuň emeldarlary ýene-de doňýürekligini etdiler.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Tersine, her güni «Bu gün» diýip hasaplap, biri-biriňizi ruhlandyryň. Şeýdip, siziň hiç biriňiz günäniň toruna düşüp, doňýürek bolmaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ