Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 6:4 - Mukaddes Kitap

4 Piliştliler: «Biz Oňa nädip ýazyk gurbanlygyny bermeli?» diýip, olardan soradylar. Olar şeýle jogap berdiler: «Piliştli hanlaryň sanyna görä bäş sany çykuwyň, bäş sany-da syçanyň altyndan şekilini ýasaň. Çünki bu bela siziň özüňize-de, hanlaryňyza-da deň derejede degişlidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Пилиштлилер: «Биз Оңа нәдип язык гурбанлыгыны бермели?» дийип, олардан сорадылар. Олар шейле җогап бердилер: «Пилиштли ханларың санына гөрә бәш саны чыкувың, бәш саны-да сычаның алтындан шекилини ясаң. Чүнки бу бела сизиң өзүңизе-де, ханларыңыза-да дең дереҗеде дегишлидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 6:4
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyllar edil Musanyň özlerine aýdyşy ýaly etdiler. Olar müsürlilerden altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler, şeýle hem, geýim-gejimler soradylar.


günortada ýaşaýan awalar, Müsüriň gündogaryndaky Şihor derýasyndan demirgazyk Ekronyň araçägine çenli ýerler. Bu ýerler kenganlaryň ýerleri hasaplanýar. Şeýle hem, oňa piliştlileriň bäş galasy: Gaza, Aşdot, Aşkelon, Gat we Ekron degişlidir.


Rebbiň Ruhy oňa indi, ol Aşkelona gidip, ol ýerde otuz adamy öldürdi. Olaryň eşigini sypyryp aldy-da, mataly çözenlere bir laý köýnek getirip berdi. Onsoň ol gazaba münüp, öz kakasynyň öýüne gaýtdy.


Ine, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler.


Aman galanlara çykuw çykdy. Galanyň ilatynyň ahy-nalasy asmana göterildi.


Reb aşdotlylary we Aşdodyň çäklerinde ýaşaýan halky agyr jezalandyrdy, olary gorkuzdy; endamlaryna çykuw çykaryp, olary howsala saldy we başlaryndan aýylganç külpet inderdi.


Emma olar ony bu ýere getirenlerinden soň, Reb bu gala hem göz görkezdi, galany aýylganç howsala gaplap aldy. Galanyň ilatynyň uludan-kiçä ählisiniň endamyna çykuw çykaryp, Reb olary ýowuzlyk bilen jezalandyrdy.


Şoňa görä endamyňyza çykan çykuwlaryň hem-de ýurduňyza gyrgynçylyk getiren syçanlaryň altyndan şekillerini ýasap, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyryň; şeýtseňiz, belki, Hudaý sizden, siziň hudaýlaryňyzdan we ýurduňyzdan el çeker.


Rebbiň sandygyny şol arabada ýerleşdiriň; ýazyk gurbanlygy hökmünde Rebbe iberýän altyn şekilleriňizi hem guta salyp, onuň gapdalynda goýuň. Soňra ony ýola salyň, goý, ol öz ugruna gitsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ