Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 6:3 - Mukaddes Kitap

3 Olar: «Eger siz Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny yzyna gaýtarmakçy bolsaňyz, onda ony boş goýbermäň, Hudaýa ýazyk gurbanlygyny beriň. Şonda siz beladan gutularsyňyz we Onuň näme sebäpden özüňizi yzyny üzmän jezalandyrandygyna göz ýetirersiňiz» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Олар: «Эгер сиз Ысрайыл Худайының сандыгыны ызына гайтармакчы болсаңыз, онда оны бош гойбермәң, Худая язык гурбанлыгыны бериң. Шонда сиз беладан гутуларсыңыз ве Онуң нәме себәпден өзүңизи ызыны үзмән җезаландырандыгына гөз етирерсиңиз» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 6:3
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme, meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.


Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.


Eşegiň ilkinji kürrelän erkek kürresini goýnuň ilkinji toklusy bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger çalyşmasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Ähli nowbahar ogullaryňyzy hem çalşyp, yzyna satyn alyň. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.


Faraon bu zatlary görüp, göwni aram tapdy. Soň ýene-de özüniň doňýürekligini etdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady.


Ol eden günäsi üçin töleg hökmünde sürüden bir urkaçy janlyny: goýny ýa-da geçini Rebbe günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany günä gurbanlygy üçin berlen goýun ýa-da geçi bilen günälini günäsinden saplasyn.


Soňra ol özüniň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde ruhana sürüden bir şikessiz goç ýa-da onuň ýerini tutjak başga bir zat getirip bersin.


Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Galla baýramynda we Çatma baýramynda Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna – Onuň Öz saýlajak ýerine gelsinler. Olaryň hijisi Rebbiň huzuryna eli boş barmasyn.


Şol sebäpden, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerden çykaryp, öz ýerine ibereliň, goý, ol bizi hem, halkymyzy hem heläk etmesin» diýdiler. Sebäbi tutuş galany aýylganç howsala gaplap alypdy. Reb olary juda agyr jezalandyrdy.


Aşdotlylar bolan wakany görüp: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerde mundan artyk saklamalyň, çünki Ol bize-de, hudaýymyz Dagona-da juda ýowuzlyk bilen göz görkezýär» diýdiler.


Emma olar ony bu ýere getirenlerinden soň, Reb bu gala hem göz görkezdi, galany aýylganç howsala gaplap aldy. Galanyň ilatynyň uludan-kiçä ählisiniň endamyna çykuw çykaryp, Reb olary ýowuzlyk bilen jezalandyrdy.


Rebbiň sandygyny şol arabada ýerleşdiriň; ýazyk gurbanlygy hökmünde Rebbe iberýän altyn şekilleriňizi hem guta salyp, onuň gapdalynda goýuň. Soňra ony ýola salyň, goý, ol öz ugruna gitsin.


Ýöne oňa gözegçilik ediň. Eger ol öz mekanyna barýan ýol bilen – Beýtşemeşiň ýoly bilen gitse, onda bu aýylganç betbagtçylygy biziň başymyza Rebbiň saldygydyr, emma ol şol ýoldan gitmese, onda bu işde Onuň eliniň ýoklugydyr, munuň tötänlik boldugydyr».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ