Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 6:17 - Mukaddes Kitap

17 Piliştlileriň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde iberen altyndan ýasalan çykuw şekilleriniň biri Aşdot üçin, biri Gaza üçin, biri Aşkelon üçin, biri Gat üçin, ýene biri bolsa Ekron galalary üçindir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Пилиштлилериң Реббе язык гурбанлыгы хөкмүнде иберен алтындан ясалан чыкув шекиллериниң бири Ашдот үчин, бири Газа үчин, бири Ашкелон үчин, бири Гат үчин, ене бири болса Экрон галалары үчиндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 6:17
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gatlylara aýtmaň muny, Aşkelonyň köçelerinde ýaýmaň. Ýogsam piliştlileriň gyzlary joşar, sünnetsizleriň gyzlary heşelle kakar.


Bularyň dördüsi-de Gat galasynyň iri nesillerindendiler. Olar Dawudyň hem-de onuň esgerleriniň elinden öldüler.


Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady.


Uzyýa gidip, piliştlilere garşy urşup, Gatyň, Ýabnäniň we Aşdodyň diwarlaryny ýykdy. Ol Aşdodyň töwereginde we Piliştiň beýleki çäklerinde galalar gurdy.


ähli keseki halka, Us ýurdunyň hemme patyşalaryna, bütin piliştliler ýurdunyň patyşalaryna: Aşkelona, Gaza, Ekrona, Aşdodyň aman galanlaryna;


Eger günäliniň goýna gurby çatmaýan bolsa, eden günäsi üçin töleg hökmünde Rebbe iki sany gumry ýa-da iki kepderi getirsin. Olaryň biri günä gurbanlygy, beýlekisi bolsa ýakma gurbanlygy üçindir.


Reb şeýle diýýär: «Men gazalylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Olar tutuş jemagaty edomlylaryň eline bermek üçin ýesir edip äkitdiler.


Kalne şäherine geçip görüň, ol ýerden beýik Hamada gidiň. Onsoň piliştlileriň Gat şäherine baryň, olar iki patyşalygyňyzdan gowumyka? Tutýan meýdanlary siziňkiden giňmikä?


Reb size Müsürde görkezen başly ýaralar bilen: örgün, iriňli ýaralar we gijilewük bilen ejir çekdirer. Siz olardan saplanyp bilmersiňiz.


Ýahudalar Gaza, Aşkelon we Ekron galalaryny-da, olaryň daş-töweregindäki meýdanlary bilen bile basyp aldylar.


Rebbiň Ruhy oňa indi, ol Aşkelona gidip, ol ýerde otuz adamy öldürdi. Olaryň eşigini sypyryp aldy-da, mataly çözenlere bir laý köýnek getirip berdi. Onsoň ol gazaba münüp, öz kakasynyň öýüne gaýtdy.


Günlerde bir gün Şimşon Gaza gelende bir loly aýala sataşyp, şonuň bilen gitdi.


Piliştliler ony tutup, gözlerini oýdular. Gaza getirip, iki sany bürünç zynjyr bilen gandalladylar. Oňa zyndanda degirmen üwetdiler.


Hudaýyň sandygyny ele salanlaryndan soň, piliştliler ony Ebenezerden Aşdoda getirdiler.


Şondan soň olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Ekrona iberdiler. Emma Hudaýyň sandygy Ekrona getirilende, bu ýeriň halky: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny özümizi-de, halkymyzy-da gyrgyna bermek üçin getirdiler-eý!» diýip bagyryşdylar.


Şeýlelikde, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny näme etsekkäk?!» diýip, olara sala saldylar. Olar: «Sandyk Gat galasyna äkidilsin» diýdiler. Şeýdip, olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Gat galasyna getirdiler.


Piliştliler: «Biz Oňa nädip ýazyk gurbanlygyny bermeli?» diýip, olardan soradylar. Olar şeýle jogap berdiler: «Piliştli hanlaryň sanyna görä bäş sany çykuwyň, bäş sany-da syçanyň altyndan şekilini ýasaň. Çünki bu bela siziň özüňize-de, hanlaryňyza-da deň derejede degişlidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ