Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 6:14 - Mukaddes Kitap

14 Beýtşemeşli Ýeşuwanyň ekin meýdanyndaky ullakan daşyň ýanynda araba togtady. Olar arabanyň agaçlaryny döwüşdirip, odun etdiler-de, sygyrlary soýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Бейтшемешли Ешуваның экин мейданындакы уллакан дашың янында араба тогтады. Олар арабаның агачларыны дөвүшдирип, одун этдилер-де, сыгырлары союп, Реббе якма гурбанлык бердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 6:14
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gün Gat Dawudyň ýanyna baryp: «Bar, ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýerinde Rebbe gurbanlyk sypasyny gur» diýdi.


Arawna Dawuda şeýle diýdi: «Şa hezretleri ony alsyn-da, islän zadyny gurbanlyk bersin. Ine, ýakma gurbanlygy üçin öküzler, ine-de odun üçin döwek döwýän gurallardyr öküzleriň boýuntyryklary.


Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. Reb ýurt üçin edilen dilegleri kabul etdi; gyrgyn belasy Ysraýyldan sowuldy.


Elýaşa Ylýas pygamberiň ýanyndan gaýdyp, bir jübüt öküziň boýuntyryklaryny aýryp, olaryň damagyny çaldy. Azalyň agaçlaryny ýakyp, öküzleriň etlerini bişirip, halka paýlady, halk ony iýdi. Ondan soň Elýaşa gidip, Ylýas pygamberiň yzyna eýerip, onuň şägirdi boldy.


Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin.


Ertesi güni ilat irden turup, ol ýerde mal öldürdiler, gurbanlyk sypasyny ýasap, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.


Soňra belentde Hudaýyňyz Rebbe gurbanlyk sypasyny gur. Ikinji öküzi soý-da, ony şol ýerde Aşera butundan alnan odun bilen ýakyp, ýakma gurbanlyk edip ber» diýdi


Hut şol mahal Şawul örüden öküzlerini alyp gelýärdi. Ol: «Näme boldy? Adamlar nämäniň ýasyny tutýarlar?» diýip sorady. Ýabeşden gelen çaparlaryň getiren habaryny oňa aýtdylar.


Şol wagt beýtşemeşliler jülgede bugdaý orup ýördüler. Rebbiň sandygyna gözleri düşende, olar begendiler.


Altyndan ýasalan syçan şekilleri bolsa piliştlileriň bäş hany tarapyndan dolandyrylýan berk galalaryň we olaryň töweregindäki obalarynyň sanyna görä iberildi. Üstünde Rebbiň sandygy goýlan ullakan daş beýtşemeşli Ýeşuwanyň ekin meýdanynda şu güne çenli dur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ