Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 5:6 - Mukaddes Kitap

6 Reb aşdotlylary we Aşdodyň çäklerinde ýaşaýan halky agyr jezalandyrdy, olary gorkuzdy; endamlaryna çykuw çykaryp, olary howsala saldy we başlaryndan aýylganç külpet inderdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Реб ашдотлылары ве Ашдодың чәклеринде яшаян халкы агыр җезаландырды, олары горкузды; эндамларына чыкув чыкарып, олары ховсала салды ве башларындан айылганч күлпет индерди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 5:6
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňky gelen açlyk bolçulygy unutdyrar, çünki ol juda agyr geler.


Erbetleriň başyndan betbagtçylyk, pislik edýänleriň başyndan bela inmeýärmi?


Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar, Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?


Çünki Rebbiň sözi dogry, wepalydyr Onuň ähli işleri.


onda Reb meýdandaky mal-garalaryňyzy: atlaryňyzy, eşekleriňizi, düýeleriňizi we dowarlardyr sürüleriňizi gyrgyna berer.


Indi, seret, Rebbiň eli saňa garşydyr, sen kör bolarsyň, belli bir wagta çenli gün şöhlesini görmersiň» diýdi. Şol pursadyň özünde onuň gözüni duman örtüp, garaňkylyk gaplady. Ol özüni itdirjek bolup, töweregini sermeläp, adam gözläp başlady.


Reb size Müsürde görkezen başly ýaralar bilen: örgün, iriňli ýaralar we gijilewük bilen ejir çekdirer. Siz olardan saplanyp bilmersiňiz.


Şol sebäpden, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerden çykaryp, öz ýerine ibereliň, goý, ol bizi hem, halkymyzy hem heläk etmesin» diýdiler. Sebäbi tutuş galany aýylganç howsala gaplap alypdy. Reb olary juda agyr jezalandyrdy.


Aşdotlylar bolan wakany görüp: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerde mundan artyk saklamalyň, çünki Ol bize-de, hudaýymyz Dagona-da juda ýowuzlyk bilen göz görkezýär» diýdiler.


Emma olar ony bu ýere getirenlerinden soň, Reb bu gala hem göz görkezdi, galany aýylganç howsala gaplap aldy. Galanyň ilatynyň uludan-kiçä ählisiniň endamyna çykuw çykaryp, Reb olary ýowuzlyk bilen jezalandyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ