Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 5:4 - Mukaddes Kitap

4 Olar ertesi irden turup görseler, Dagon buty ýene Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Bu sapar Dagonyň kellesi hem-de iki eli döwlüp, bosagada ýatyrdy, onuň diňe göwresi abat galypdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Олар эртеси ирден туруп гөрселер, Дагон буты ене Реббиң сандыгының өңүнде йүзин дүшүп ятан экен. Бу сапар Дагоның келлеси хем-де ики эли дөвлүп, босагада ятырды, онуң диңе гөвреси абат галыпды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 5:4
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.


Beýle gurbanlyga gurby çatmaýan kişi, bir çüýremez agajy saýlaýar. Mäkäm oturdylan but ýasatjak bolup, ökde ussanyň gözlegine çykýar.


«Olara şeýle diý: „Gögi hem ýeri ýaratmadyk hudaýlar ýer ýüzünden we gögüň astyndan ýok bolarlar“».


Her bir adam akmak hem nadandyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.


Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir; jezalandyranymda olar ýok bolarlar.


«Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“.


Olaryň hudaýlaryny, butlaryny, kümüşden we altyndan ýasalan gymmatbaha gap-gaçlaryny olja hökmünde Müsüre getirer. Onsoň ol birnäçe ýyllap demirgazyk patyşasynyň üstüne çozmaz.


«Ähli butlary bölek-bölek ediler, haram gazançlarynyň bary oda ýakylar, butlarynyň baryny ýok ederin, çünki bulary loly gazanjy bilen toplady. Olar ýene-de loly gazanjyna öwrüler» diýýär Reb.


Şoňa görä endamyňyza çykan çykuwlaryň hem-de ýurduňyza gyrgynçylyk getiren syçanlaryň altyndan şekillerini ýasap, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyryň; şeýtseňiz, belki, Hudaý sizden, siziň hudaýlaryňyzdan we ýurduňyzdan el çeker.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ