Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 5:10 - Mukaddes Kitap

10 Şondan soň olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Ekrona iberdiler. Emma Hudaýyň sandygy Ekrona getirilende, bu ýeriň halky: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny özümizi-de, halkymyzy-da gyrgyna bermek üçin getirdiler-eý!» diýip bagyryşdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Шондан соң олар Ысрайыл Худайының сандыгыны Экрона ибердилер. Эмма Худайың сандыгы Экрона гетириленде, бу ериң халкы: «Ысрайыл Худайының сандыгыны өзүмизи-де, халкымызы-да гыргына бермек үчин гетирдилер-эй!» дийип багырышдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 5:10
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek.


Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady.


Tahadyň ogly Zabat, Zabadyň ogly Şutela. Ezer we Elgat Efraýymyň ogullarydy. Ýerli gat halky olary mal sürülerini basyp almaga gelendikleri üçin öldürdi.


Ýok ederin Aşdodyň ilatyny, Aşkelonda eli şa hasaly hökümdary. Golumy Ekronyň garşysyna öwrerin, heläk ederin piliştlileriň aman galanyny». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Kalne şäherine geçip görüň, ol ýerden beýik Hamada gidiň. Onsoň piliştlileriň Gat şäherine baryň, olar iki patyşalygyňyzdan gowumyka? Tutýan meýdanlary siziňkiden giňmikä?


günortada ýaşaýan awalar, Müsüriň gündogaryndaky Şihor derýasyndan demirgazyk Ekronyň araçägine çenli ýerler. Bu ýerler kenganlaryň ýerleri hasaplanýar. Şeýle hem, oňa piliştlileriň bäş galasy: Gaza, Aşdot, Aşkelon, Gat we Ekron degişlidir.


Ol ýerden Ekronyň demirgazyk tarapyna gidýär we Şikarona tarap aýlanyp, Bagala dagynyň üsti bilen Ýabneýele gelýär. Iň soňunda araçäk Ortaýer deňzinde gutarýar.


Ekron galasy we onuň ownukly-irili obalary,


Ýahudalar Gaza, Aşkelon we Ekron galalaryny-da, olaryň daş-töweregindäki meýdanlary bilen bile basyp aldylar.


Ysraýyllar we ýahudalar gykylyklap aýaga galdylar, olar Gata we Ekronyň derwezelerine çenli piliştlileriň yzyndan kowdular. Ýaralanan piliştliler Gat we Ekron galalaryna barýan Şagaraýym ýolunyň ugrunda serlip ýatyrdy.


Şol sebäpden, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerden çykaryp, öz ýerine ibereliň, goý, ol bizi hem, halkymyzy hem heläk etmesin» diýdiler. Sebäbi tutuş galany aýylganç howsala gaplap alypdy. Reb olary juda agyr jezalandyrdy.


Emma olar ony bu ýere getirenlerinden soň, Reb bu gala hem göz görkezdi, galany aýylganç howsala gaplap aldy. Galanyň ilatynyň uludan-kiçä ählisiniň endamyna çykuw çykaryp, Reb olary ýowuzlyk bilen jezalandyrdy.


Rebbiň sandygy ýedi aýlap piliştlileriň ýurdunda boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ