Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 4:4 - Mukaddes Kitap

4 Olar Şilo birnäçe adam iberip, keruplaryň ýokarsynda tagt guran Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny getirdiler. Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem Hudaýyň Äht sandygynyň ýanyndadylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Олар Шило бирнәче адам иберип, керупларың ёкарсында тагт гуран Хөкмүрован Реббиң Әхт сандыгыны гетирдилер. Элийиң огуллары Хопны билен Пинехас хем Худайың Әхт сандыгының янындадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 4:4
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abýatar belende çykyp durdy, Sadok hem ähli lewiler bilen Hudaýyň Äht sandygyny göterip alyp barýardy. Adamlaryň bary galadan çykyp bolýança, olar Hudaýyň sandygyny ýerde goýdular.


Ol Hudaýyň Äht sandygyny getirmek üçin, adamlary bilen bile Bagala Ýahuda galasyna gitdi. Sandyk keruplaryň arasynda tagt guran Hökmürowan Reb diýip atlandyrylýar.


Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: «Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.


Kuwwatymyz bolan Hudaýa nagmalar aýdyň, Ýakubyň Hudaýyna joşup heşelle kakyň.


Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.


«Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Indi bize merhemet eder ýaly, Hudaýa ýalbaryp bir görüň!? Şeýle gurbanlyklar hödürläniňizden soň, Ol siziň soraýan zadyňyzy edermikä? Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary çadyra girip, iň mukaddes otagy bölüp duran tutyny aýyrsynlar we onuň bilen Äht sandygyny basyrsynlar.


Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi.


Çagany süýtden aýrandan soň, üçýaşar öküz bir batman un we bir tulum şerap bilen bilelikde Hanna ony Şilo galasyna Rebbiň öýüne getirdi; çaga entek ýaşdy.


Efot geýnip gezýän Ahyýa hem şu ýerdedi. Ol Ikabodyň dogany bolan Ahytubyň ogludy. Ikabot Pinehasyň ogly, Rebbiň Şilodaky ruhanysy Eliýiň agtygydy. Ýonatanyň gidenini häzir hiç kim bilmeýärdi.


Eliý juda garrapdy. Öz ogullarynyň ysraýyllar bilen nähili daraşýandyklaryny, olaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň gapysynda hyzmat edýän aýallar bilen ýatýandyklaryny ol eşitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ