22 Ol: «Ysraýyldan şöhrat gitdi, çünki Hudaýyň sandygy elden gitdi» diýdi.
22 Ол: «Ысрайылдан шөхрат гитди, чүнки Худайың сандыгы элден гитди» дийди.
Wah, Taňry gazap atyna atlanyp-ha, Sion gyzyny gara buluda gaplady-la! Ol Ysraýylyň gözelligini gökden ýere taşlady. Ol gahary gelen güni Öz aýagynyň kürsüsini terk etdi.
Şonda Onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylardaky «Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürer» diýlen sözleri ýatladylar.
Seniň iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna düşjek iş – olaryň ikisiniň-de bir günde ölmegi saňa bir alamat bolar.
Eliýiň nesline garşy aýdanlarymyň ählisini şol gün berjaý ederin.
Hudaýyň sandygy elden gidensoň, gaýynatasydyr adamsy-da ölensoň, «Ysraýyldan şöhrat gitdi» diýip, ol oglunyň adyna Ikabot dakdy.
Hudaýyň sandygyny ele salanlaryndan soň, piliştliler ony Ebenezerden Aşdoda getirdiler.