Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Piliştliler ysraýyllaryň garşysyna söweşmek üçin, hatara düzüldiler. Söweş ýaýbaňlanyp, ysraýyllar piliştlilerden ýeňildiler. Piliştliler söweş meýdanynda olaryň dört müň çemesi adamyny öldürdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Пилиштлилер ысрайылларың гаршысына сөвешмек үчин, хатара дүзүлдилер. Сөвеш яйбаңланып, ысрайыллар пилиштлилерден еңилдилер. Пилиштлилер сөвеш мейданында оларың дөрт мүң чемеси адамыны өлдүрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 4:2
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Geliň, ýollarymyzy synap göreliň, täzeden Rebbe gaýdyp baralyň.


Sizi kowalaýan bolmasa-da, gylyçdan gaçýan dek, biri-biriňize büdreşip ýykylarsyňyz, sizde duşmanlaryňyza garşy durmaga mejal galmaz.


Onsoň şol daglykda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar aşak indiler we Horma galasyna çenli olaryň yzyndan kowup, olary kül-peýekun etdiler.


Şonuň üçin hem ysraýyllar duşmanyň öňünde durup bilmediler. Olar uruşda ýeňse berip gaçdylar. Çünki olaryň özleri hem ýok edilip, ölüme sezewar edilmelidirler. Eger siz öz araňyzdaky şol ogurlanan zatlary aýryp ýok etmeseňiz, Men mundan beýläk siziň bilen bile boljak däl.


Ysraýyllar hem-de piliştliler söweşmek üçin sap-sap bolup, ýüzbe-ýüz durdular.


Jalut aýak çekdi-de, ysraýyl goşunyna tarap şeýle diýip gygyrdy: «Näme üçin nyzama durup, söweşe çykdyňyz? Men piliştli, siz bolsa Şawulyň gullary. Şeýle dälmi? Araňyzdan birini saýlap seçiň, goý, ol meniň ýanyma gelsin.


Şamuweliň sözi tutuş Ysraýyla ýetdi. Şonda ysraýyllar piliştlilere garşy baş göterdiler. Ysraýyllar Ebenezerde, piliştliler bolsa Apekde düşelge gurdular.


Şondan soň piliştliler hüjüme geçdiler. Ysraýyllar ýeňlip, dyr-pytrak bolup, öýli-öýüne gaçdylar. Uly gyrgynçylyk boldy, ysraýyllaryň otuz müň pyýada esgerini öldürdiler.


Goşun düşelgä gaýdyp gelende, Ysraýylyň ýaşululary şeýle diýdiler: «Näme üçin Reb bizi piliştliler bilen söweşde ýeňlişe sezewar etdikä? Geliň, Rebbiň Äht sandygyny Şilodan şu ýere alyp geleliň. Goý, ol biziň aramyzda bolup, bizi duşmanyň elinden halas etsin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ