11 Hudaýyň sandygy elden gitdi, Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem öldürildi.
11 Худайың сандыгы элден гитди, Элийиң огуллары Хопны билен Пинехас хем өлдүрилди.
Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.
Indi Şilodaky ilkinji gezek adymy dakan ýerime gidiň we ysraýyl halkymyň pisligi üçin, oňa näme edendigimi görüň.
Şunlukda, siziň we siziň ata-babalaryňyzyň ganatyny gyrjak günlerim uzakda däl – sizden doglanlaryň hiç birine uzak ömür miýesser etmez.
Ysraýyla ediljek ýagşylyklara göripçilik bilen seredersiňiz. Siziň nesliňiz hiç wagt uzak ömür sürmez.
Seniň iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna düşjek iş – olaryň ikisiniň-de bir günde ölmegi saňa bir alamat bolar.
Eliýiň nesline garşy aýdanlarymyň ählisini şol gün berjaý ederin.
Hudaýyň sandygy elden gidensoň, gaýynatasydyr adamsy-da ölensoň, «Ysraýyldan şöhrat gitdi» diýip, ol oglunyň adyna Ikabot dakdy.