Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 4:10 - Mukaddes Kitap

10 Şondan soň piliştliler hüjüme geçdiler. Ysraýyllar ýeňlip, dyr-pytrak bolup, öýli-öýüne gaçdylar. Uly gyrgynçylyk boldy, ysraýyllaryň otuz müň pyýada esgerini öldürdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Шондан соң пилиштлилер хүҗүме гечдилер. Ысрайыллар еңлип, дыр-пытрак болуп, өйли-өйүне гачдылар. Улы гыргынчылык болды, ысрайылларың отуз мүң пыяда эсгерини өлдүрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 4:10
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Abşalomyň jesedini alyp, tokaýdaky çuň garyma taşladylar we üstüne ullakan edip, daş üýşürdiler. Ysraýyllaryň ählisi dargaşyp, öýli-öýüne gaçyp gitdiler.


Ysraýyllar Dawudyň adamlaryndan ýeňildiler. Şol gün uly gyrgynçylyk bolup, ýigrimi müň adam gyryldy.


Patyşa turdy-da, derwezäniň agzyna baryp oturdy. Muny tutuş goşuna habar berdiler. Ähli goşun patyşanyň huzuryna geldi. Şol wagt ysraýyllaryň ählisi öz öýlerine gaçyp gitdiler.


Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.


Soňra Gün ýaşar çagynda, Ysraýylyň goşunynyň serkerdeleri: «Her kes öz galasyna, her kes öz ýurduna gitsin» diýip jar çekdirdiler.


Ýahudalar ysraýyl halkyndan ýeňlip, öz çadyrlaryna tarap gaçyp gitdiler.


Abyýa we onuň goşuny ysraýyllara agyr zarba urdular. Ysraýylyň bäş ýüz müň saýlama esgeri öldürildi.


Ýahuda halky ysraýyl halkyndan ýeňlip, hersi öz çadyrlaryna gaçyp gitdiler.


Eý, Hudaý, Halasgärimiz! Öz şanly adyňyň hatyrasyna, Sen ýardam eýle, Öz adyňyň hatyrasyna, bizi halas et, günäden sapla.


Indi Şilodaky ilkinji gezek adymy dakan ýerime gidiň we ysraýyl halkymyň pisligi üçin, oňa näme edendigimi görüň.


Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz.


Emma siz Hudaýyňyz Rebbe boýun bolman, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli tabşyryklaryny we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, onda, goý, şu näletleriň ählisi siziň başyňyzdan insin we sizi gurşap alsyn.


Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar.


Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Hawa, Ysraýylda eşideniň inini titretjek bir iş ederin.


Piliştliler ysraýyllaryň garşysyna söweşmek üçin, hatara düzüldiler. Söweş ýaýbaňlanyp, ysraýyllar piliştlilerden ýeňildiler. Piliştliler söweş meýdanynda olaryň dört müň çemesi adamyny öldürdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ