Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 31:7 - Mukaddes Kitap

7 Ysraýylyň ýeňlip gaçandygyny, Şawulyň hem onuň ogullarynyň ölendigini görüp, jülgäniň beýleki tarapynda we Iordan derýasynyň aňyrsynda ýaşaýan ysraýyllar öz galalaryny taşlap gaçdylar; piliştliler gelip, olary eýelediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Ысрайылың еңлип гачандыгыны, Шавулың хем онуң огулларының өлендигини гөрүп, җүлгәниң бейлеки тарапында ве Иордан дерясының аңырсында яшаян ысрайыллар өз галаларыны ташлап гачдылар; пилиштлилер гелип, олары эеледилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 31:7
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siziň ýurduňyzy şeýle bir weýran ederin welin, onda ornaşmaga gelýän duşmanlaryňyz muňa haýran galarlar.


Duşmanlaryňyzyň ýurtlarynda diri galanlaryňyzyň ýüreklerine Men şeýle bir gorky salaryn welin, hatda ýapragyň şemala şygyrdaýan sesi-de sizi gaçmaga mejbur eder. Siz gylyçdan gaçýan ýaly gaçarsyňyz. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, bar ýaly bolup gaçarsyňyz.


Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz.


Ysraýyllar midýanlaryň golastynda galdylar. Midýanlaryň berýän köp jebir-sütemi sebäpli ysraýyllar daglaryň gowaklarynda we başga-da sümelgelerde özlerine gizlenmäge bukular gurdular.


Ysraýyllar çykgynsyz ýagdaýa düşendiklerini görenlerinde (çünki olaryň goşunlary gowy gysaja salnypdy), olaryň käsi gowaklarda, çukurlarda, gaýalarda, mazarlarda we gurruk guýularda gizlendiler.


Birnäçe ýewreý bolsa Iordan derýasyndan geçip, Gat hem-de Gilgat topragyna aralaşdy. Şawul heniz Gilgaldady we onuň ýanyndaky goşun gorkudan ýaňa sandyraşýardy.


Şeýdip, Şawulyň özi, üç ogly, ýaragçy nökeri hem-de ähli adamlary bir günde öldüler.


Ertesi gün piliştliler öldürilenleri talamak üçin gelenlerinde, Gilbowa dagyndan Şawul bilen onuň üç oglunyň jesedini tapdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ