Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 31:4 - Mukaddes Kitap

4 Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn». Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Шавул ярагчы нөкерине шейле дийди: «Гылыҗыңы ал-да, мени өлдүр; сүннетсизлериң элинден өлүп, олара гөз болмайын». Эмма онуң ярагчы нөкери җуда горкды ве бейле этмек ислемеди. Шоңа гөрә, Шавул өз гылыҗыны алды-да, онуң үстүне өзүни оклады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 31:4
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şawul ölenden soň, amalekleri ýeňip, dolanyp gelen Dawut iki gün Ziklagda galdy.


Dawut oňa: «Gorkman, Rebbiň seçip-saýlan adamyny öldürmäge nädip milt etdiň?» diýdi.


Gatlylara aýtmaň muny, Aşkelonyň köçelerinde ýaýmaň. Ýogsam piliştlileriň gyzlary joşar, sünnetsizleriň gyzlary heşelle kakar.


Ýaş ýigit Dawuda şeýle jogap berdi: «Edil şol wagt men Gilboga dagyndadym. Men Şawulyň naýzasyna söýenip duranyny, duşmanyň söweş arabalarynyň we olary sürýän esgerleriň bolsa oňa golaýlaşyp barýandyklaryny gördüm.


Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.


Dawut baryp, Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň süňküni Gilgatdaky ýabeşlilerden aldy. Piliştliler olary Gilbogada öldürip, Beýtşeýan meýdançasynda asypdylar. Gilgatdaky ýabeşliler bolsa olary Beýtşeýan meýdançasyndan ogurlapdylar.


Zimri galanyň basylyp alnanyny görende, patyşa köşgüniň içki galasyna girip, patyşanyň köşgüne ot berip, oda ýanyp öldi.


Omrynyň eden beýleki işleri we görkezen gaýduwsyzlygy hem edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.


Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn» diýdi. Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady.


Emma ejesi bilen kakasy oňa: «Näme üçin sen sünnetsiz piliştli halkdan gyz aljak bolýarsyň? Näme özli-özüňde, tutuş ilimizde sen öýlener ýaly gyz ýokmy?» diýdiler. Şimşon kakasyna: «Maňa şony alyp ber, sebäbi ol meniň göwnüme ýarady» diýdi.


Abymelek şol mahal öz ýanyndaky ýarag göterýän ýetginjegini çagyrdy-da, oňa: «Gylyjyňy ýalaňaçla-da, meni öldür, men barada „Ony aýal öldürdi“ diýlen gürrüň ýaýramasyn» diýdi. Ýetginjek dessine oňa gylyjyny saldy, ol jan berdi.


Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».


Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady.


Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi».


Dawut oňa ýene şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, ony ýa Reb urar, ýa ol öz ajalyna öler ýa-da söweşde öler.


Şawulyň ölendigini gören ýaragçy nökeri-de öz gylyjynyň üstüne özüni oklap, onuň bilen bile öldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ