Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 30:6 - Mukaddes Kitap

6 Dawudyň haly teňdi, çünki halk ony daşlamak isleýärdi. Sebäbi ogul-gyzlarynyň ýesir alnanyna adamlaryň jany ýanýardy. Emma Dawut öz Hudaýy Rebden güýç aldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Давудың халы теңди, чүнки халк оны дашламак ислейәрди. Себәби огул-гызларының есир алнанына адамларың җаны янярды. Эмма Давут өз Худайы Ребден гүйч алды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 30:6
51 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muny eşidip, Ýakup juda gorkdy. Ol öz ýanyndan: «Eger Ysaw bir toparyň üstüne çozup, ony basyp alaýanda-da, beýleki topar gutular» diýip, öz adamlaryny, ownukly-irili mallaryny hem düýelerini iki topara böldi.


sözüni dowam etdi: «Kakaňyň hem-de onuň adamlarynyň batyr ýigitlerdigini bilýänsiň. Olar sährada çagasyny elinden aldyran aýy ýaly ýowuz boldular. Üstesine-de, ataň tejribeli urşujydyr. Ol gijäni goşunyň arasynda geçirmez.


Aýal dagdaky Hudaýyň adamynyň ýanyna baryp, onuň aýagyna ýapyşdy. Geýhazy ony aýyrjak bolup, oňa golaý geldi, ýöne Hudaýyň adamy oňa: «Aýala degme, çünki onuň kalby ajy hasratdan doludyr. Reb muny menden ýaşyrdy, maňa bu barada hiç zat aýtmady» diýdi.


Ol meni öldürer, mende umyt ýok. Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin.


Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň.


Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.


Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.


Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.


Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär, wepalylygyň bulutlara direýär.


Dawudyň Ýahuda çölündekä aýdan mezmury.


Ömürboýy Saňa alkyş okaryn, ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.


Şa halkyň garyplarynyň hakyny, goý, alyp bersin, mätäçleriň ogullaryny halas eýlesin, zalymlary, goý, weýran etsin!


Tä Gün hem Aý şöhle saçýarka, nesillerboýy, goý, ol ýaşasyn.


Şeýlelikde, Musa Rebbe dady-perýat edip: «Men bu halky näme edeýin? Olar meni daşlap öldürmäge taýýar ahyryn» diýdi.


Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.


Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin,


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Soňra Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Rebbe ýüzlenip, şeýle doga okady: «Jebir çekenimde, ýa Reb, çagyrdym Seni. Jogap berdiň maňa. Ölüler diýarynyň goýnundan çagyrdym Seni, eşitdiň Sen nalamy.


Emma bütin jemagat olary daşlamaly diýip haýbat atdy. Şonda Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ähli ysraýyllara Rebbiň şöhraty göründi.


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


Pilat olara: «Onda men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýip sorady. Olaryň hemmesi biragyzdan: «Ol haça çüýlensin!» diýdiler.


Şonda Isany daşlamakçy boldular, emma Ol gizlenip, ybadathanadan çykyp gitdi.


Hudaý Ybraýyma «Seniň san-sajaksyz nesliň bolar» diýip aýdypdy. Şonuň üçin-de, Ybraýym köp milletleriň atasy bolmaga hiç umydynyň galmandygyna garamazdan, imany sebäpli umytdan düşmedi.


Hudaýyň beren wadasyna şübhelenip, imansyzlyk etmedi. Tersine, imanda berkäp, Hudaýy şöhratlandyrdy.


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Eger biz görgüler görýän bolsak, bu siziň teselli tapmagyňyz we halas bolmagyňyz üçindir. Hudaý bize teselli berýän bolsa, bu biziň-de size teselli bermegimiz üçindir. Siz hem biz ýaly görgüler göreniňizde, şu tesellimizden teselli tapyp, muşakgatlaryň baryna döz gelersiňiz.


Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys; biz çykgynsyz ýagdaýa düşýäris, ýöne ruhdan düşmeýäris;


Biz Makedoniýa baranymyzda-da, hiç bir rahatlyk tapmadyk. Gaýtam, daş-töweregimizde dawa-jenjeller, ýüregimizde gorky bolup, her ýandan gysyldyk.


Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».


Danlar oňa: «Sem bol, ýogsam, biziň gaharymyzy getirersiň, onsoň özüňiň-de, tutuş maşgalaňyň-da janyny jähenneme ibereris» diýdiler.


Ysraýyllar Rebbiň huzuryna gelip, tä agşama çenli aglap ýas tutdular we Ondan: «Biz öz doganymyz bolan benýaminler bilen ýene-de söweşe girelimi?» diýip soradylar. Reb: «Olaryň garşysyna çykyň» diýdi. Ysraýyllar dogumlanyp, şol öňküsi gün baryp duran ýerlerinde ýene-de söweşmäge nyzama durdular.


Hannanyň kalby hasratdan doludy. Ol gözünden boýur-boýur ýaş döküp durşuna, Rebden dileg etdi.


Şawulyň ogly Ýonatan Dawudyň yzyndan Horeşe geldi. Ol Dawudy Hudaýyň adyndan ruhlandyrdy.


Şamuwel Şawula: «Näme üçin meni ýokary çykaryp, alada goýduň?» diýdi. Şawul şeýle jogap berdi: «Men çykgynsyz ýagdaýa düşdüm. Piliştliler meniň garşyma uruşýarlar, Hudaý bolsa menden ýüz öwürdi. Indi Ol maňa pygamberleriň üsti bilen-de, düýşde-de jogap bermeýär. Şoňa görä näme etmelidigimi öwrederiň ýaly, men seni çagyrdym».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ