Ezra Hudaýyň öýüniň öňünde ýüzüni ýere berip aglap, dileg etdi we günälerini boýun aldy. Ysraýyllardan uly mähelle: erkekler, aýallar we çagalar onuň daşyna üýşdüler. Olar hem zar-zar aglaşdylar.
Ol gelende, Eliý ýoluň ugrundaky kürsüsinde gözlerini zordan ýola dikip otyrdy, çünki Hudaýyň sandygynyň alnyp gidilmegi onuň ýüregini elendirýärdi. Ýaňky adam gala girip, bolan wakany habar berende, tutuş gala eňredi.