Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar.
Şawul keýnlere: «Amalekler bilen bile paýhynlanasyňyz gelmeýän bolsa, ol ýerden çykyň; ysraýyl halky Müsürden çykyp gaýdanda, siz oňa ýardam edipdiňiz» diýip habar ýollady. Şunlukda, keýnler ol ýerden çykdylar.
Akyş han: «Bu gün kimiň üstüne çozduň?» diýip soranda, ol: «Negep çölündäki ýahudalaryň topragyna» diýip, ýa-da «Negep çölündäki ýerahmeýelleriň ýerlerine» diýip, ýa-da «Negep çölündäki keýnleriň ýerlerine» diýip jogap bererdi.