Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 30:16 - Mukaddes Kitap

16 Ol Dawudy galtamanlaryň ýanyna getirdi. Şol wagt olar iýip-içip, tans edip, çar tarapa ýaýrapdylar, çünki olar piliştlileriň hem ýahudalaryň ýurdundan örän köp olja alypdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Ол Давуды галтаманларың янына гетирди. Шол вагт олар ийип-ичип, танс эдип, чар тарапа яйрапдылар, чүнки олар пилиштлилериң хем яхудаларың юрдундан өрән көп олҗа алыпдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 30:16
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»


Olar amalekleriň gaçyp, diri galanlaryny gyrdylar; olar şu güne çenli şol ýerde ýaşap gelýärler.


Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.


Ertesi gün halk irden turup, ýakma gurbanlygyny we salamatlyk sadakasyny berdi. Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup oýnaşmaga başladylar.


Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz.


Milleti köpeltdiň Sen, artdyrdyň olaryň şatlygyn, hasylda şatlanyşlary deý, Seniň öňüňde guwanýarlar, olja paýlaşýan deý galkynyşýarlar.


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


Ýeşuwa olara: «Uly baýlyk bilen, süri-süri mal bilen, altyn-kümüş bilen, mis-demir bilen, köp egin-eşik bilen yzyňyza dolanyň. Duşmanlaryňyzy ýeňip, olardan alan oljalaryňyzy öz doganlaryňyz bilen paýlaşyň» diýdi.


Gidegon Noba bilen Ýogbohanyň gündogaryndaky kerwen ýoly bilen baryp, olaryň garaşmadyk wagtynda duýdansyz olara zarba urdy.


Biz Negep çölündäki keretleriň, Ýahudanyň bir böleginiň we kalepleriň üstüne çozuş etdik, şeýle hem, Ziklagy ýakyp-ýandyrdyk» diýip jogap berdi.


Dawut oňa: «Meni şol galtamanlaryň ýanyna eltip bilermiň?» diýdi. Ol: «Eger meni öldürmejekdigiňe ýa-da hojaýynymyň eline bermejekdigiňe ant içseň äkideýin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ