Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 30:14 - Mukaddes Kitap

14 Biz Negep çölündäki keretleriň, Ýahudanyň bir böleginiň we kalepleriň üstüne çozuş etdik, şeýle hem, Ziklagy ýakyp-ýandyrdyk» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Биз Негеп чөлүндәки керетлериң, Яхуданың бир бөлегиниң ве калеплериң үстүне чозуш этдик, шейле хем, Зиклагы якып-яндырдык» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 30:14
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehoýadanyň ogly Benaýa – keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa ruhanydylar.


Şeýdip, Sadok ruhany, Natan pygamber, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, keretler hem peletler gidip, Süleýmany Dawut patyşanyň gatyryna mündürdiler-de, ony Gihona tarap äkitdiler.


Patyşa Sadok ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň ogly Benaýany, keretleri, peletleri onuň bilen iberdi. Olar ony patyşanyň gatyryna mündürdiler.


Ýehoýadanyň ogly Benaýa keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa şa hyzmatynyň baştutanlarydy.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, Men elimi piliştlileriň garşysyna uzadyp, olardan keretlileri sogrup taşlaryn, deňiz ýakasynda galanlaryny ýok ederin.


Deňiz ýakasynda ýaşaýan Keret halkynyň dat gününe! Eý, Kengan, piliştliler ýurdy, Reb seniň garşyňa şeýle diýýär: «Ýeke kişini-de galdyrman, seni weýran ederin».


Ýeşuwa Ýepunnäniň ogly Kalebe ak pata berdi, oňa mülk ýer hökmünde Hebrony bagyş etdi.


Rebbiň buýruşy ýaly, Ýeşuwa ýahuda tiresiniň mülk ýerindäki Kirýatarbany, ýagny Hebrony Ýepunnäniň ogly Kalebe berdi. Bu ýer Anagyň atasynyň hatyrasyna Kirýatarba diýip atlandyrylypdy.


Emma galanyň ýakynyndaky açyk meýdanlaryny we onuň obalaryny bolsa Ýepunne ogly Kalep mülk ýer hökmünde alypdy.


Onuň ady Nabal, aýalynyň ady Abygaýyldy. Aýaly akylly hem görmegeýdi, ýöne onuň özi deýýus hem hyrsyz adamdy. Ol Kalep neslindendi.


Dawut bilen onuň adamlarynyň Ziklaga gelenlerine üç gün diýende, amalekler Negep çölüne, ylaýta-da Ziklag galasynyň üstüne çozuş etdiler. Olar Ziklagy basyp aldylar we ýakyp-ýandyrdylar.


«Kimiň adamy bolarsyň, nirelisiň?» diýip, Dawut ondan sorady. Ol: «Men bir müsürli ýigit, bir amalegiň guly. Üç gün mundan öň ýaramadym, şonuň üçinem hojaýynym meni taşlap gitdi.


Dawut oňa: «Meni şol galtamanlaryň ýanyna eltip bilermiň?» diýdi. Ol: «Eger meni öldürmejekdigiňe ýa-da hojaýynymyň eline bermejekdigiňe ant içseň äkideýin» diýdi.


Ol Dawudy galtamanlaryň ýanyna getirdi. Şol wagt olar iýip-içip, tans edip, çar tarapa ýaýrapdylar, çünki olar piliştlileriň hem ýahudalaryň ýurdundan örän köp olja alypdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ