Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 30:1 - Mukaddes Kitap

1 Dawut bilen onuň adamlarynyň Ziklaga gelenlerine üç gün diýende, amalekler Negep çölüne, ylaýta-da Ziklag galasynyň üstüne çozuş etdiler. Olar Ziklagy basyp aldylar we ýakyp-ýandyrdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Давут билен онуң адамларының Зиклага геленлерине үч гүн диенде, амалеклер Негеп чөлүне, ылайта-да Зиклаг галасының үстүне чозуш этдилер. Олар Зиклагы басып алдылар ве якып-яндырдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 30:1
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu wagt Yshak Beýer-lahaýroýdan gaýdyp gelip, Negep çöllüginde düşläpdi.


Şawul ölenden soň, amalekleri ýeňip, dolanyp gelen Dawut iki gün Ziklagda galdy.


Üçünji gün diýlende Şawulyň düşelgesinden ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran bir adam Dawudyň ýanyna geldi. Ol Dawudyň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdi.


Ol: „Sen kim?“ diýip sorady. „Men amalek tiresinden“ diýip jogap berdim.


Şanyň ähli adamlary onuň öňünden geçdiler. Ähli keretler, peletler hem-de Gat galasyndan şanyň yzyna düşüp gaýdan alty ýüz adam onuň öňünden geçdiler.


Bularyň hemmesi batyr ýigitlerdir goşun baştutanlary bolup, olar Dawuda alamançylaryň toparlaryna garşy söweşde kömek etdiler.


Hakykatdanam, Dawuda goşulýan adamlaryň sany günsaýyn artyp, san taýdan Hudaýyň goşuny kimin boldy.


adamlarynyň baryny alyp, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen uruşmaga gitdiler. Olar ony Gibgondaky äpet howzuň başyndan tapdylar.


Reb Ýeşuwa: «Sen olardan gorkma, sebäbi ertir şu wagtlar Men olaryň ählisini öldürip, ysraýyllaryň eline berjekdirin. Siz olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwüň we arabalaryny otlaň» diýdi.


Şawul Hawyladan Müsüriň gündogaryndaky Şura çenli bolan aralykda amalekleri derbi-dagyn etdi.


Olar amalek patyşasy Agagy diri ele saldylar, halky bolsa gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdiler.


Şeýdip, Akyş han oňa Ziklagy berdi. Şoňa görä, Ziklag şu günki güne çenli hem Ýahuda patyşalaryna degişli bolup gelýär.


Indi sen we ýanyňda gelen patyşaňyň gullary daň bilen turup, meniň siz üçin bellän ýerime gidiň. Ýaramaz habary bolsa göwnüňe alma, çünki men senden razy. Ertir daň ýagtylan badyna ýola düşüň».


Şeýlelikde, Dawut adamlary bilen bile piliştlileriň ýurduna tarap ugrady. Piliştliler bolsa Ýizregele gitdiler.


Piliştli baştutanlar onuň üstüne heňkirip, şeýle diýdiler: «Ony yza, öz bellenen ýerine ugrat. Ol biziň bilen bile söweşe gitmesin, ýogsa ol biziň garşymyza urşar. Sebäbi öz hojaýynyna gowy görünmek üçin, onuň şu adamlaryň kellesini kesmekden gowy tär tapjak gümany barmy näme?


Biz Negep çölündäki keretleriň, Ýahudanyň bir böleginiň we kalepleriň üstüne çozuş etdik, şeýle hem, Ziklagy ýakyp-ýandyrdyk» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ