Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 3:21 - Mukaddes Kitap

21 Reb sözi arkaly Özüni Şamuwele Şiloda aýan edenden soň, Ol ýene-de şol ýerde görünmegini dowam etdirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Реб сөзи аркалы Өзүни Шамувеле Шилода аян эденден соң, Ол ене-де шол ерде гөрүнмегини довам этдирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 3:21
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Şekemden, Şilodan we Samariýadan segsen adam geldi. Olaryň sakgallary syrylgydy, eginbaşlary sal-saldy, bedenlerine ýara salnypdy, ellerinde bolsa Rebbiň öýüne getirmek üçin galla sadakasy bilen ýakymly ysly tütetgi bardy.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


Bu gün tire baştutanlaryňyz, ýaşulularyňyz, ýolbaşçylaryňyz, Ysraýylyň ähli erkekleri, siziň çagalaryňyz, aýallaryňyz, araňyzda ýaşaýan gelmişekler, odunyňyzy çapýanlar, suwuňyzy daşaýanlar – ähliňiz bu ýere üýşüp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda dursuňyz.


Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi.


Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“ diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň».


Ýetginjek Şamuwel Eliýiň ýanynda Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol günler Rebbiň sözi seýrek gelerdi, Rebden gelýän ylhamlar azdy.


Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi.


Birden Reb: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ony çagyrdy. Şamuwel: «Lepbeý!» diýip seslendi-de, Eliýiň ýanyna ylgady. Ol baryp: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa: «Men seni çagyramok ahyryn, bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel gidip ýatdy.


Şawul gelmezinden bir gün öň Reb Şamuwele şeýle diýipdi:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ