Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 3:19 - Mukaddes Kitap

19 Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Шамувел улалярды. Онуң айданларының әхлиси хакыкат йүзүнде берҗай болярды, чүнки Реб онуң биленди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 3:19
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol döwürde Abymelek patyşa öz harby serkerdesi Pikol bilen bile Ybraýymyň ýanyna baryp, oňa: «Ähli işde Hudaý seniň bilen biledir.


Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Men seni terk etmerin we saňa beren wadamy ýerine ýetirerin».


Reb Ýusup bilen biledi. Ýusubyň işleri oňuna boldy; ol müsürli jenabynyň öýünde ýaşaýardy.


Müsürli jenap Ýusubyň ähli işlerine Rebbiň kömek edýändigine we Onuň Ýusuba ähli işinde üstünlik berýändigine göz ýetirdi.


«Wada berşi ýaly, ysraýyl halkyna parahatçylyk beren Rebbe alkyş bolsun. Ol Öz guly Musa arkaly beren ýagşy wadalarynyň baryny berjaý etdi.


Onda şuny bilip goýuň. Rebbiň Ahabyň ogullarydyr ogul agtyklaryna garşy aýdan sözleriniň hiç biri hem ýerde galmaz, çünki Reb Öz guly Ylýas arkaly diýen sözlerini berjaý etdi».


Rebbiň Ýehuwa: «Seniň nesilleriň dördünji arka çenli Ysraýyl tagtynda oturarlar» diýip beren wadasy berjaý boldy.


Reb şeýle diýýär diýiň: „Men Ýahuda patyşasynyň bu kitapda okan zatlaryna görä hökman bu ýere we bu ýerde ýaşaýanlaryň başyna bir betbagtçylyk indererin.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


bendesiniň sözüni tassyklaýan, ilçileriniň aýdanlaryny amala aşyrýan, Iýerusalime: „Ilatly bolarsyň!“, Ýahuda şäherlerine: „Bular täzeden gurlar, harabalaryňy dikelderin!“ diýýän,


Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär.


Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, ýalkanan gyz! Reb seniň bilendir!» diýdi.


Şunlukda, çaga ösýärdi we ruhy taýdan güýçlenýärdi. Ol ysraýyl halkyna görünmeli günlerine çenli çölde ýaşady.


Çaga ulalyp, güýçde we akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi.


Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.


Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.


Eger bir pygamber Rebbiň adyndan sözlän bolsa, ol iş hem başa barmasa ýa-da hakykata öwrülmese, ol söz Rebden däldir. Ony pygamberiň özi toslap tapandyr, siz ol pygamberden gorkmaň.


Reb saňa ýar bolsun! Onuň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!


Rebbiň Ysraýyl nesillerine beren ajaýyp wadalaryndan ýekeje sözi hem ýerine ýetmän galmady. Olaryň ählisi hakykat ýüzünde berjaý boldy.


Aýaly ogul dogurdy we oňa Şimşon diýen at goýdy. Çaga ösüp kemala geldi, Reb oňa ak pata berdi.


Şol alamatlar ýerine ýetende, sen göwnüňe gelenini edip bilersiň, çünki Hudaý saňa ýardyr.


Ine, indi size baş bolýan patyşaňyz hem bar. Men indi garradym, saç-sakgalym agardy. Ogullarym hem siziň araňyzda. Men ýaşlygymdan tä şu güne çenli size baş boldum.


Olaryň biri: «Ýogsa-da, men beýtullahamly Ýyşaýyň bir ogluny gördüm. Saza ussat, batyr ýigit, gaýduwsyz urşujy, dilewar hem görmegeý. Reb hem onuň bilen» diýdi.


Şawul Dawutdan gorkýardy, sebäbi Reb onuň bilendi, Şawuly bolsa Reb terk edipdi.


Dawudyň hemişe işi rowaçdy, çünki Reb onuň bilendi.


Dawut Şawul özüni nirä iberse gitdi, baran ýerinde-de işi şowuna boldy. Netijede, Şawul ony öz goşunbaşysy edip goýdy. Mundan ähli halk-da, Şawulyň hyzmatkärleri-de hoşal boldular.


Hawa, Hannany Reb ýene-de ýalkady: Hannanyň üç ogly, iki gyzy boldy. Şamuwel bolsa Rebbiň huzurynda ösüp ulalýardy.


Ýaşajyk Şamuwel bolsa Rebbiň we adamlaryň söýgüsini gazanyp, ýaş babatda-da, pähim-paýhas babatda-da gününi sanap ösýärdi.


Hyzmatkär oňa şeýle jogap berdi: «Ine, şu galada sylag-hormatly bir Hudaýyň adamy bar. Onuň aýdany hemişe dogry bolup çykýar. Ýör, şonuň ýanyna gideli. Belki, ol bize gitmeli ýolumyzy salgy berer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ