Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 3:18 - Mukaddes Kitap

18 Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Шондан соң Шамувел хич зады гизлемән, хеммесини болшы ялы Элийә гүррүң берди. Элий: «Ол Ребдир, гой, Ол Өз халаныны этсин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 3:18
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini eder» diýdi.


Emma Reb: „Men senden razy däl“ diýäýse, onda, ine, men; islänini edäýsin».


Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Çünki Hizkiýa: «Eger meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolsa, oňa ýetesi näme bar?!» diýip pikir etdi.


Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini etsin» diýdi.


Ol: «Ýalaňaç indim bu dünýä, ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä. Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir. Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi.


Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.


Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».


Reb bulut içinde aşak inip, Musanyň ýanynda durdy-da: «Men – Reb!» diýip, Öz adyny yglan etdi.


Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Hizkiýa: «Meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolar» diýip pikir edýärdi.


Şeýdip, Ýermeýa pygamber bu sözleriň baryny Iýerusalimde Ýahuda patyşasy Sidkiýa ýetirdi.


Onsoň Sidkiýa patyşa adam iberip, Ýermeýa pygamberi Rebbiň öýüniň üçünji girelgesine getirtdi. Patyşa Ýermeýa: «Men senden bir zat sorajak, ýöne menden hiç zady gizleme» diýdi.


Ýermeýa pygamber olara: «Bolýar, ine, aýdyşyňyz ýaly, men Hudaýyňyz Rebbe dileg ederin we Reb näme jogap berse, ony size aýan ederin. Sizden hiç zady ýaşyrmaryn» diýdi.


Öz günäleri üçin jezasyn alsa, diri galan adam näme üçin zeýrensin?


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň.


Ysraýyllar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günäli, bize islän jezaňy berip bilersiň, ýöne bu gün bizi halas et!» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ