Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 3:17 - Mukaddes Kitap

17 Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Элий Шамувеле: «Ол саңа нәме дийди? Менден яшырма. Онуң айданларының екеҗесини менден гизләйсең, гой, Худай саңа-да шоны, хатда ондан-да бетерини гөркезсин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 3:17
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa aýala bakyp: «Bir zat sorajak, ýöne menden hiç zat ýaşyrma!» diýdi. Aýal: «Aýdyberiň, şa hezretleri!» diýdi.


Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin».


Soňra ähli halk Dawudyň ýanyna gelip, Gün batmazdan öň bir zatlar garbanmagy teklip etdiler. Emma Dawut: «Eger Gün ýaşýança çörek iýsem ýa-da başga bir zat datsam, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýip ant içdi.


Reb Şawulyň elinden patyşalygy aljakdygyna, Dandan Beýerşeba çenli uzalýan Ysraýylda hem Ýahudada Dawudyň patyşalygyny berkarar etjekdigine ant içdi. Indi ol hakda aýdylany ýerine ýetirmesem, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondanam beterini görkezsin».


Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi.


Patyşa ant içip: «Eger men şu gün Şapadyň ogly Elýaşanyň kellesini almasam, goý, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Ýa Reb, Saňa perýat edýärin, diýýärin: «Sen – meniň penam, diriler diýarynda – meniň nesibäm».


Onsoň Sidkiýa patyşa adam iberip, Ýermeýa pygamberi Rebbiň öýüniň üçünji girelgesine getirtdi. Patyşa Ýermeýa: «Men senden bir zat sorajak, ýöne menden hiç zady gizleme» diýdi.


Ýermeýa pygamber olara: «Bolýar, ine, aýdyşyňyz ýaly, men Hudaýyňyz Rebbe dileg ederin we Reb näme jogap berse, ony size aýan ederin. Sizden hiç zady ýaşyrmaryn» diýdi.


eý, patyşa, bu agaç sensiň! Sen ulalyp güýçlendiň. Beýikligiň gitdigiçe ösüp, göge ýetdi, hökümdarlygyň dünýäniň çar künjegine ýaýrady.


Eý, Ýakubyň nesli, heý: «Rebbiň sabyr käsesi doldumy? Ol beýle işleri edermi?» diýmelimi siz? Meniň sözlerim dogruçylyň haýryna dälmi näme?


Bilgam gelende, Ballak Mowabyň emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy. Ballak ondan: «Reb näme diýdi?» diýip sorady.


Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi.


Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Şawul Ýonatana: «Eger men seni öldürmesem, onda Hudaý meniň özümi öldürer, hatda ondan beterini görkezer» diýdi.


Emma ol ýamanlyk etmegi ýüregine düwäýse, menem ony saňa ýetirmesem, seni sag-salamat ýola salmasam, onda, goý, Reb maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin. Reb kakama ýar bolşy ýaly, saňa-da ýar bolsun.


Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin».


Emma Eliý: «Şamuwel, oglum» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Şamuwel: «Ine, men geldim» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ