Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 29:6 - Mukaddes Kitap

6 Şondan soň Akyş han Dawudy çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, sen bir dogruçyl adam. Maňa galsa seniň bilen bile söweşe giderdim. Ýanyma gelen günüňden tä şu güne çenli senden ýaramazlyk çykanyny görmedim. Şonda-da hanlara ýaranyp bilmeýärsiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шондан соң Акыш хан Давуды чагырып, оңа шейле дийди: «Ребден ант ичйәрин, сен бир догручыл адам. Маңа галса сениң билен биле сөвеше гидердим. Яныма гелен гүнүңден тә шу гүне ченли сенден ярамазлык чыканыны гөрмедим. Шонда-да ханлара яранып билмейәрсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 29:6
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram Seraýa: «Gyrnagyň öz eliňde. Sen oňa islän zadyňy et» diýdi. Şunlukda, Seraý Hajara juda ýowuz daraşyp ugrady. Hajar ondan gaçyp gitdi.


Sen Neriň ogly Abneri tanaýaň ahyryn! Ol seni aldamak üçin, nirä gidip-gelýäniňi, näme iş edýäniňi bilmek üçin gelendir» diýdi.


Emma seniň oturyp-turşuňy, girip-çykyşyňy, Maňa garşy dyzaýşyňy bilýärin.


Doganlarym bilen ýakynlarymyň hatyrasyna, «Sende rahatlyk bolsun!» diýýärin.


Emma seniň oturyp-turşuňy, girip-çykyşyňy, Maňa garşy dyzaýşyňy bilýärin.


Ýurtda özüne ak pata beren, hakykat Hudaýynyň adyndan pata berer; ýurtda ant içen, hakykat Hudaýyndan ant içer. Öňki hasratlar unudylyp, gözlerimden gizlener».


Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.


Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi.


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


Pinehas ruhany we onuň bilen gelen jemagat baştutanlary, Ysraýyl tireleriniň urugbaşylary rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň aýdanlaryny eşidenlerinde, bu sözlerden hoşal boldular.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesihe degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar.


Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun».


Emma Şawul: «Rebden ant içýärin, şu işden saňa hiç hili zyýan ýetmez» diýip, Rebden ant içdi.


Piliştli baştutanlar: «Ýewreýler bu ýerde näme işleýär?» diýdiler. Akyş han olara şeýle jogap berdi: «Onuň Ysraýylyň şasy Şawulyň guly Dawutdygyny siz bilýärsiňiz ahyryn. Bir ýyldan gowurak wagt bäri ol meniň ýanymda. Gelen gününden tä şu güne çenli men onuň ýaramaz iş edenini görmedim».


Indi parahatlyk bilen yzyňa dolan, piliştli hanlaryň gaňyrşyna gaýtma».


Şeýlelikde, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny näme etsekkäk?!» diýip, olara sala saldylar. Olar: «Sandyk Gat galasyna äkidilsin» diýdiler. Şeýdip, olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Gat galasyna getirdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ