Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 29:4 - Mukaddes Kitap

4 Piliştli baştutanlar onuň üstüne heňkirip, şeýle diýdiler: «Ony yza, öz bellenen ýerine ugrat. Ol biziň bilen bile söweşe gitmesin, ýogsa ol biziň garşymyza urşar. Sebäbi öz hojaýynyna gowy görünmek üçin, onuň şu adamlaryň kellesini kesmekden gowy tär tapjak gümany barmy näme?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Пилиштли баштутанлар онуң үстүне хеңкирип, шейле дийдилер: «Оны ыза, өз белленен ерине уграт. Ол бизиң билен биле сөвеше гитмесин, ёгса ол бизиң гаршымыза уршар. Себәби өз хоҗайынына говы гөрүнмек үчин, онуң шу адамларың келлесини кесмекден говы тәр тапҗак гүманы бармы нәме?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 29:4
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut piliştliler bilen bile Şawulyň garşysyna uruşmak üçin gelende, manaşalardan käbiri onuň tarapyna geçdi. Ýöne Dawut piliştlilere kömek etmedi, sebäbi pilişt baştutanlary özara maslahatlaşyp: «Dawut öz jenaby Şawulyň tarapyna geçip, bizi satar» diýip, ony yzyna ugratdylar.


Dawut Ziklaga gaýdanda, manaşalaryň müňbaşylary bolan Adna, Ýozabat, Ýedigaýel, Mikaýyl, Ýozabat, Elihu we Silletaý dagy onuň tarapyna geçdiler.


Olar mundan artyk köpelmez ýaly, geliň, mekirlik bilen olaryň soňuna çykalyň. Ýogsam, uruş turaýsa, olar duşmanymyzyň tarapyna goşulyp, bize garşy söweşmekleri we biziň ýurdumyzdan çykyp gitmekleri mümkin» diýdi.


Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjyny ugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu dünýäniň adamlary öz nesliniň arasynda hereket etmekde nurdaky ynsanlardan parasatlydyr.


Öň piliştlileriň tarapyna geçip, olar bilen bile olaryň düşelgesine gelen ýewreýler hem Şawul bilen Ýonatanyň ýanyndaky ysraýyllara goşuldylar.


Şeýdip, Akyş han oňa Ziklagy berdi. Şoňa görä, Ziklag şu günki güne çenli hem Ýahuda patyşalaryna degişli bolup gelýär.


Akyş han Dawuda şeýle jogap berdi: «Seniň edil Hudaýyň perişdesi ýaly päkdigiňi bilýärin. Ýöne piliştli baştutanlar: „Ol biziň bilen bile söweşe gitmesin“ diýdiler.


Dawut bilen onuň adamlarynyň Ziklaga gelenlerine üç gün diýende, amalekler Negep çölüne, ylaýta-da Ziklag galasynyň üstüne çozuş etdiler. Olar Ziklagy basyp aldylar we ýakyp-ýandyrdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ