Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 29:3 - Mukaddes Kitap

3 Piliştli baştutanlar: «Ýewreýler bu ýerde näme işleýär?» diýdiler. Akyş han olara şeýle jogap berdi: «Onuň Ysraýylyň şasy Şawulyň guly Dawutdygyny siz bilýärsiňiz ahyryn. Bir ýyldan gowurak wagt bäri ol meniň ýanymda. Gelen gününden tä şu güne çenli men onuň ýaramaz iş edenini görmedim».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Пилиштли баштутанлар: «Еврейлер бу ерде нәме ишлейәр?» дийдилер. Акыш хан олара шейле җогап берди: «Онуң Ысрайылың шасы Шавулың гулы Давутдыгыны сиз билйәрсиңиз ахырын. Бир йылдан говурак вагт бәри ол мениң янымда. Гелен гүнүнден тә шу гүне ченли мен онуң ярамаз иш эденини гөрмедим».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 29:3
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gaçyp gutulanlardan biri gelip, bolan wakany Ybram ýewreýe habar berdi. Şol wagtlar Ybram Eşkol bilen Aneriň dogany amor Mamräniň dub tokaýjygynyň gapdalynda ýaşaýardy. Olar Ybramyň arkadaşlarydy.


Dawut piliştliler bilen bile Şawulyň garşysyna uruşmak üçin gelende, manaşalardan käbiri onuň tarapyna geçdi. Ýöne Dawut piliştlilere kömek etmedi, sebäbi pilişt baştutanlary özara maslahatlaşyp: «Dawut öz jenaby Şawulyň tarapyna geçip, bizi satar» diýip, ony yzyna ugratdylar.


Dawut Ziklaga gaýdanda, manaşalaryň müňbaşylary bolan Adna, Ýozabat, Ýedigaýel, Mikaýyl, Ýozabat, Elihu we Silletaý dagy onuň tarapyna geçdiler.


Ol adamlar: «Danyýele garşy onuň Hudaýynyň kanuny bilen baglanyşykly bir zatlar tapaýmasak, ondan başga aýyp tapyp bilmeris» diýişdiler.


Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlar Isany görüp: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olara: «Ony äkidip, özüňiz haça çüýläň. Men-ä Ondan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi.


Ýamanlyga ýamanlyk etmäň, tersine, hemmelere ýagşylyk etmäge ymtylyň.


Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesihe degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar.


Şeýdip, olaryň ikisi-de piliştlilere göründiler. Piliştliler olary görüp: «Serediň! Ýewreýler gizlenen garymlaryndan çykyp başladylar» diýip seslendiler.


Öz gyrnagyňyň hyýanatçylygyny bagyşla. Rebbiň agamyň neslini abat etjegi şübhesizdir, sebäbi agam Reb üçin göreşýär. Ömürboýy senden ýamanlyk çykmaz.


Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowusy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».


Dawut piliştlileriň ýurdunda bir ýyl dört aý ýaşady.


Şondan soň Akyş han Dawudy çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, sen bir dogruçyl adam. Maňa galsa seniň bilen bile söweşe giderdim. Ýanyma gelen günüňden tä şu güne çenli senden ýaramazlyk çykanyny görmedim. Şonda-da hanlara ýaranyp bilmeýärsiň.


Piliştliler bu gykylygy eşidip: «Ýewreýleriň düşelgesindäki bu gykylyk nämäniň alamatyka?» diýşip geňirgenişdiler. Ysraýyllaryň düşelgesine Rebbiň sandygynyň getirilendigini bilenlerinde bolsa, olar gorkup, şeýle diýdiler: «Olaryň düşelgesine hudaýlar gelipdir. Dat biziň günümize! Bu öň görlüp-eşidilen zat däl ahyryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ