Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 27:8 - Mukaddes Kitap

8 Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Ол адамлары билен биле гешурларың, гирзилериң ве амалеклериң үстүне чозуш этди, булар Шура гидйән ёлуң якасында, Мүсүре ченли болан аралыкда гадым эййәмден бәри отуран ерли илатларды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 27:8
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şondan soň Ýowap Geşura gidip, Abşalomy Iýerusalime getirdi.


Abşalom oňa şeýle jogap berdi: «Gelsin diýip, yzyňdan adam iberdim. „Meni Geşurdan näme üçin getirdiň? Ol ýerden gaýtmadyk bolsam, mundan gowy bolardy“ diýip aýtdyrmak üçin, seni patyşanyň ýanyna iberjekdim. Men häzir patyşanyň ýanyna gideýin. Eger günäkär hasaplasa, onda, goý, ol meni öldüräýsin!»


Men guluň Siriýa ýurdunyň Geşur galasynda ýaşaýarkam, „Eger Reb meni Iýerusalime gaýtaryp eltse, men Oňa Hebronda sežde ederin“ diýip kasam edipdim» diýdi.


Ýowap Dawudyň adamlary bilen talaňçylykdan ýaňyja gaýdyp gelipdi. Olar köp olja alypdylar. Emma Abner Hebronda – Dawudyň ýanynda däldi, Dawut ony goýberipdi, ol sag-salamat çykyp gaýdypdy.


Ikinjisi karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyldan bolan Kilapdy, üçünjisi Geşur patyşasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalomdy.


Ýöne Geşur bilen Aram olardan Hawotýaýyry hem-de Kenaty obalary bilen bile – jemi altmyş gala aldylar. Şular Gilgadyň kakasy Makyryň nesilleridir.


Şundan soň Musa ysraýyllara baş bolup, olary Gyzyl deňizden alyp, Şur çölüne gaýtdy. Çölde olar üç gün ýörediler, emma suw tapmadylar.


Soňra amalekler gelip, Repidimde ysraýyllar bilen söweşdi.


Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük.


Onsoň şol daglykda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar aşak indiler we Horma galasyna çenli olaryň yzyndan kowup, olary kül-peýekun etdiler.


Onuň hanlygyna Hermon dagy, Salka, bütin Başandan Geşuryň we Magakadyň araçäklerine çenli, Gilgadyň ýarysy, heşbon hany Sihonyň meýdanynyň araçägine çenli ýerler girýär.


Emma ysraýyllar Geşuryň we Magakadyň ilatyny ýurtlaryndan kowup çykarmadylar. Olar şu güne çenli hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar.


Şol basylyp alynmaly ýerler şulardyr: piliştlileriň, geşurlaryň ähli ýerleri,


Efraýymlar Gezerde ýaşaýan kenganlary kowup çykarmadylar. Kenganlar şu günler hem efraýymlaryň işini etmäge mejbur edilip, olaryň arasynda ýaşap ýörler.


Efraýymlar hem Gezerde ýaşaýan kenganlary kowmadylar, kenganlar olar bilen bir ýerde ýaşadylar.


Şondan soň Akyş han Dawudy çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, sen bir dogruçyl adam. Maňa galsa seniň bilen bile söweşe giderdim. Ýanyma gelen günüňden tä şu güne çenli senden ýaramazlyk çykanyny görmedim. Şonda-da hanlara ýaranyp bilmeýärsiň.


Dawut bilen onuň adamlarynyň Ziklaga gelenlerine üç gün diýende, amalekler Negep çölüne, ylaýta-da Ziklag galasynyň üstüne çozuş etdiler. Olar Ziklagy basyp aldylar we ýakyp-ýandyrdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ