Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy.
Piliştli baştutanlar: «Ýewreýler bu ýerde näme işleýär?» diýdiler. Akyş han olara şeýle jogap berdi: «Onuň Ysraýylyň şasy Şawulyň guly Dawutdygyny siz bilýärsiňiz ahyryn. Bir ýyldan gowurak wagt bäri ol meniň ýanymda. Gelen gününden tä şu güne çenli men onuň ýaramaz iş edenini görmedim».