Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 27:10 - Mukaddes Kitap

10 Akyş han: «Bu gün kimiň üstüne çozduň?» diýip soranda, ol: «Negep çölündäki ýahudalaryň topragyna» diýip, ýa-da «Negep çölündäki ýerahmeýelleriň ýerlerine» diýip, ýa-da «Negep çölündäki keýnleriň ýerlerine» diýip jogap bererdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Акыш хан: «Бу гүн кимиң үстүне чоздуң?» дийип соранда, ол: «Негеп чөлүндәки яхудаларың топрагына» дийип, я-да «Негеп чөлүндәки ерахмееллериң ерлерине» дийип, я-да «Негеп чөлүндәки кейнлериң ерлерине» дийип җогап берерди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 27:10
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Yshak ondan: «Sen, hakykatdan-da, meniň oglum Ysawmy?» diýip sorady. Ýakup: «Hawa, men şol» diýip jogap berdi.


Abşalomyň adamlary ol aýalyň öýüne gelip, ondan Ahymagas bilen Ýonatanyň nirededigini soradylar. Aýal olara: «Olar arykdan geçdiler» diýip jogap berdi. Gözleýänler ol ikisini gözläp tapmandan soň, Iýerusalime dolandylar.


Hesronyň nowbahar ogly Ýerahmeýeliň ogullary: nowbahar ogly Ram, Buna, Oren, Osem we Ahyýa.


Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.


Onsoň ol keýnlere bakyp, şeýle diýdi: «Siziň mesgeniňiz howpsuz ýerde, ol gaýanyň depesindäki höwürtge deý amandyr.


Indi ýalan sözlemäň-de, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.


Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar.


Keýn tiresinden bolan Heber Kedeşiň golaýynda ýerleşen Saganannymda, dub agajynyň ýanynda çadyr gurupdy. Heber şol wagtlar beýleki keýnlerden aýry ýaşaýardy. Keýn tiresi Musanyň gaýynatasy Hobabyň nesillerindendi.


Keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýagel çadyrda ýaşaýan aýallar arasynda ýalkansyn!


Şawul keýnlere: «Amalekler bilen bile paýhynlanasyňyz gelmeýän bolsa, ol ýerden çykyň; ysraýyl halky Müsürden çykyp gaýdanda, siz oňa ýardam edipdiňiz» diýip habar ýollady. Şunlukda, keýnler ol ýerden çykdylar.


Dawut Ahymelege: «Patyşa maňa bir ýumuş tabşyrdy. Ol: „Senden iberen bu ýumşum hakda hiç kim hiç zat bilmeli däldir“ diýdi. Şoňa görä, öz ýigitlerim bilen hem duşuşar ýaly ýer belleşdik.


Şol wagt bir çapar gelip: «Howluk, ýurda piliştliler çozdy» diýip, Şawula habar berdi.


«„Dawut şeýle-şeýle işler etdi“ diýip, biziň gürrüňimizi ederler» diýip, Dawut bir adamy-da Gata getirmezdi. Aýal-erkek diýmän, baryny gyrardy. Piliştlileriň ýurdunda bolan döwründe ol şeýle işler edipdi.


Dawut Akyş hana şeýle jogap berdi: «Meniň eden zadym näme? Ýanyňa gelen günümden tä şu güne çenli sen öz guluňdan näme erbetlik tapdyň? Näme üçin men öz jenabyň, patyşanyň duşmanlary bilen söweşmeli däl?»


Rakaldaky, ýerahmeýelleriň galalaryndaky, keýnleriň galalaryndaky,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ