Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 27:1 - Mukaddes Kitap

1 Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowusy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Давут өз янындан шейле дийди: «Гүнлерде бир гүн мен Шавулың элинден хеләк боларын. Говусы, мен пилиштлилериң юрдуна гачайын. Шейтсем, Шавул мени Ысрайылың чәгинден тапмак умыдыны үзер; мен онуң элинден халас боларын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 27:1
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Ýarobgam öz içinden şeýle diýdi: «Indi patyşalyk ýene-de Dawudyň nesillerine gaýdyp geler.


Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr».


Ylýas bu habary eşidip gorkdy. Ol öz janyny gutarmak üçin gaçyp, Ýahudanyň Beýerşeba galasyna geldi. Ol hyzmatkärini şol ýerde galdyrdy.


Onsoň Ýahuda patyşasy Amazýa maslahatlaşyp, Ýehogahazyň ogly, Ýehuwyň agtygy Ysraýyl patyşasy Ýehowaşa çapar ýollap: «Gel, ýüzbe-ýüz bolaly» diýdi.


Olar dil düwüşýär hem-de gizlenýär, janymy almak üçin meni aňtaýar.


Biz saňa Müsürde: „Bizi öz günümize goý, biz müsürlilere hyzmat edibereli“ diýip aýtmanmydyk? Biz çölde ölenimizden, müsürlileriň guly bolup ýören bolsak, müň paý gowy bolardy» diýdiler.


Uzaga çeken tama ýürek derdidir, hasyl bolan isleg ýaşaýyş daragtydyr.


«Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?


Näme sebäpden Reb bizi gylyçdan geçirtmek üçin, aýallarymyz bilen çagalarymyzy ýesir etmek üçin bu ýurda alyp barýarka? Müsüre dolansak, gaýtam, biziň üçin gowy bolmazmy?»


Isa şobada elini uzadyp, ony tutdy-da: «Eý, az imanly, näme üçin şübhelendiň?» diýdi.


Isa şägirtlerine: «Näme üçin gorkýarsyňyz? Eýsem heniz-de iman edeňzokmy? Eýsem imanyňyz şeýle gowşakmy?» diýdi.


Biz Makedoniýa baranymyzda-da, hiç bir rahatlyk tapmadyk. Gaýtam, daş-töweregimizde dawa-jenjeller, ýüregimizde gorky bolup, her ýandan gysyldyk.


Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini ret etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym».


Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.


Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun».


Gat pygamber Dawuda: «Gowagy taşla, Ýahuda ýurduna git» diýdi. Şoňa görä Dawut ol ýerden çykyp, Heret tokaýyna gitdi.


Ýonatan oňa: «Sen kakamyň eline düşerin öýdüp gorkma. Sen tutuş Ysraýyla patyşa bolmalysyň, men seniň weziriň bolmalydyryn. Muny kakamam bilýär» diýdi.


Sen agam barada aýdan ähli ýagşylyklaryny ýerine ýetirip, Reb seni Ysraýyla hökümdar bellände, onda sen nähak gan dökmek ýa-da özüňi goramak üçin hasrata sebäp bolmarsyň, ynsabyň-da saňa yza bermez. Reb özüňi ýalkanda, gyrnagyňy ýatlagyn».


Eý, jenabym, patyşahym, indi öz guluňyň aýtjak sözlerine gulak sal. Eger seni meniň garşyma aýaga galdyran Reb bolsa, onda, goý, Ol gurbanlygy kabul etsin. Ýok, eger ynsan ogullary bolsa, onda, goý, olara Rebbiň näleti siňsin! Çünki olar: „Bar, başga hudaýlara sygyn“ diýip, bu gün meni Rebbiň mülkünden berlen paýymdan kowup goýberdiler.


Piliştli hanlar ýüz we müň adamlyk toparlary bilen barýardylar; Dawut we onuň adamlary Akyş han bilen bile yzdan gelýärdiler.


Piliştli baştutanlar: «Ýewreýler bu ýerde näme işleýär?» diýdiler. Akyş han olara şeýle jogap berdi: «Onuň Ysraýylyň şasy Şawulyň guly Dawutdygyny siz bilýärsiňiz ahyryn. Bir ýyldan gowurak wagt bäri ol meniň ýanymda. Gelen gününden tä şu güne çenli men onuň ýaramaz iş edenini görmedim».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ