Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 26:6 - Mukaddes Kitap

6 Dawut hetli Ahymelek bilen Ýowabyň inisi Seruýanyň ogly Abyşaýa: «Haýsyňyz meniň bilen Şawulyň düşelgesine gitjek?» diýip sorady. Abyşaý: «Men gitjek» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Давут хетли Ахымелек билен Ёвабың иниси Серуяның оглы Абышая: «Хайсыңыз мениң билен Шавулың дүшелгесине гитҗек?» дийип сорады. Абышай: «Мен гитҗек» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 26:6
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kengandan onuň nowbahar ogly Sidon, soňra Het doguldy. Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar.


Ol Saranyň jesediniň ýanyndan turdy we hetleriň ýanyna baryp, olara:


Ysaw kyrk ýaşyna ýetende, het Beýeriniň gyzy Ýehudyt we het Eýlonyň gyzy Bosmata öýlendi.


Ýerubagalyň ogly Abymelegi bir aýalyň öldürendigini bilmeýärmidiňiz? Tebezde ol aýal diwaryň üstünden oňa degirmen daşyny zyňyp öldürmänmidi? Näme üçin diwara gaty golaý bardyňyz?“ diýäýse, şol wagt: „Siziň het halkyndan bolan guluňyz Uryýa hem öldi“ diýersiň».


Şonda ýaýçylar diwaryň üstünden seniň adamlaryňy oka tutdular; olaryň arasynda ölenleri hem boldy. Het halkyndan bolan guluňyz Uryýa hem şonda öldi».


«Het halkyndan bolan Uryýany meniň ýanyma iber» diýip, Dawut Ýowaba habar etdi. Ýowap Uryýany Dawudyň ýanyna iberdi.


Näme üçin sen Men-Rebbiň ýigrenýän işlerini etmek bilen, Meniň sözümi äsgermediň? Het halkyndan bolan Uryýany söweşde gylyçdan geçirdip, onuň aýalyny özüňe aýal edindiň. Ony ammonlaryň gylyjy bilen öldürdiň.


«Meniň hatyrama ýaş ýigit Abşalomy gorap saklaň» diýip, patyşa Ýowaba, Abyşaýa hem-de Ytaýa buýruk berdi. Abşalom barada şanyň baştutanlaryna beren bu buýrugyny bütin goşun eşitdi.


Seruýanyň ogly Ýowap bolsa Dawudyň adamlary bilen çykyp, Gibgon howdanynyň ýanynda olar bilen gabatlaşdy. Bu iki toparyň hersi howdanyň bir tarapynda ýerleşdi.


Seruýanyň üç ogly Ýowap, Abyşaý, Asahel dagy şol ýerdedi. Asahel edil keýik ýaly ýyldamdy.


Seruýanyň ogly Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamyň garşysyna uruşdy we olary öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy.


magakaly Ahasbaýyň ogly Elipelet, giloly Ahytopeliň ogly Eligam,


het halkyndan Uryýa. Bular jemi otuz ýedi adamdan ybaratdyr.


Bir söweş arabasy on ýedi gadak töweregi kümşe, bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alnyp, olar Müsürden getirilýärdi. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen bütin hetleriň we Siriýanyň şalaryna satylýardy.


Çünki Taňry Siriýa goşunyna söweş arabalarynyňdyr atlarynyň sesini we ägirt uly goşunyň goh-galmagalyny eşitdiripdi. Olar biri-birlerine: «Ysraýyl patyşasy bize garşy uruşmak üçin Het patyşalaryny, Müsür patyşalaryny hakyna tutandyr» diýişdiler.


Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaýyňyz siziň öňüňizden şu halklary: kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary we ýabuslary kowup çykarjakdyr. Onuň şu etjek işlerinden siz diri Hudaýyň öz araňyzdadygyny bilersiňiz.


Şeýlelikde, Dawut bilen Abyşaý ikisi gije goşuna tarap gitdi. Şawul düşelgede uklap ýatyrdy, başujunda bolsa ýere sünjülen naýzasy bardy. Abner bilen goşun onuň daş-töweregini alyp ýatyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ