Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 26:23 - Mukaddes Kitap

23 Reb her kimi öz adalatlylygy hem-de wepalylygy üçin sylaglaýandyr. Şu gün Reb seni meniň elime berdi, ýöne men Rebbiň seçip-saýlan adamyna el götermek islemedim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Реб хер кими өз адалатлылыгы хем-де вепалылыгы үчин сылаглаяндыр. Шу гүн Реб сени мениң элиме берди, йөне мен Реббиң сечип-сайлан адамына эл гөтермек ислемедим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 26:23
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy, ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady.


Şonuň üçin, dogrulygyma we päkligime görä, Reb öwezini gaýtardy Öz nazarynda.


şonda Sen gökde eşit-de, oňa jogap ber. Gullaryňa höküm edip, günälä günäsine görä jeza ber, günäsizi akla-da, dogrulygyna görä syla.


Eý, Hudaýym, Seniň öýüň we onuň hyzmaty üçin eden oňat işlerimiň ählisini ýadyňa sal.


Hudaý ynsanlaryň etmişlerini başlaryndan inderer, olara öz pälinden tapdyrar.


Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar; Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar, çünki ýalançylaryň agzy baglanar.


Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip-saýlanydyr“ diýdim.


Eý, atam, donuňdan kesilen elimdäki şu kesindini görýäňmi, ine, seret. Donuňyň synyndan kesip aldym, ýöne seni öldürmedim. Saňa ýamanlyk etmek ýa-da haýynlyk etmek niýetimiň ýokdugy şundan hem belli ahyryn. Meni öldürmek üçin aňtap ýörenem bolsaň, men seniň öňüňde günä gazanmadym.


Ol Dawuda şeýle diýdi: «Sen menden adalatly ekeniň. Ýamanlygyma ýagşylyk bilen jogap berdiň.


Şu gün sen özüňiň maňa garaýşyňyň gowudygyny görkezdiň. Reb meni seniň eliňe berse-de, sen meni öldürmänsiň.


Rebbiň seçip-saýlan adamyna el götermekden meni Rebbiň Özi saklasyn. Ýöne sen onuň başujundaky naýzany, suw küýzäni al, soň bu ýerden ökjäni götereli».


Dawut oňa şeýle jogap berdi: «Ine, naýzaň, eý patyşahym! Goý, ony ýigitleriňden biri gelip, alyp gitsin.


Emma Dawut Abyşaýa: «Ony öldürme, sebäbi Rebbiň seçip-saýlan adamyna el götermek günä bolar» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ