Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 26:21 - Mukaddes Kitap

21 Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Men günä etdim. Yzyňa dolan, oglum, Dawut. Indi men saňa hiç wagt ýamanlyk etmerin, çünki bu gün meniň janym seniň üçin juda gymmatly boldy. Men akmak bolupdyryn, juda ýalňyşypdyryn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Шавул Давуда шейле дийди: «Мен гүнә этдим. Ызыңа долан, оглум, Давут. Инди мен саңа хич вагт яманлык этмерин, чүнки бу гүн мениң җаным сениң үчин җуда гымматлы болды. Мен акмак болупдырын, җуда ялңышыпдырын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 26:21
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa ýanynyň elli adamy bilen üçünji ellibaşyny Ylýasyň ýanyna ýollady. Şeýdip, üçünji ellibaşy Ylýasyň ýanyna gelip, öňünde dyza çöküp, ýalbaryp: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň we bu elli guluňyň janyna haýpyň gelsin.


Öňki iki ellibaşy elli adamy bilen gökden inen oda ýanyp kül boldy, emma indi seniň meniň janyma haýpyň gelsin» diýdi.


Gurbanlyklaryň üçin Men seni ýazgarjak däl, ýakma gurbanlyklaryň dyngysyz Meniň öňümde.


Çünki uzakly gün kynçylyga sezewar boldum, her säherde men ejir çekdim.


Soňra faraon adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry.


Onsoň Bilgam Rebbiň perişdesine: «Men günä etdim, Seniň garşymda ýolda duranyňy bilmändirin. Indi Sen eger meniň gitmegimi oňlamaýan bolsaň, men öýüme gaýdaýyn» diýdi.


«Men bigünä kişä haýynlyk edip, günä gazandym» diýdi. Olar-da: «Bize näme, muňa özüň jogap berýäň» diýdiler.


Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Akmaklyk etdiň, öz Hudaýyň Rebbiň emrini tutmadyň. Reb seniň Ysraýylyň üstünden edýän şalygyňy ömürlik ebedileşdirjekdi.


Şawul Şamuwele şeýle jogap berdi: «Men günä gazandym, çünki men Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirmedim, seniň sözüňi tutmadym. Sebäbi men halkdan gorkup, halkyň diýeni bilen boldum.


Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi.


Piliştli goşunbaşylar söweşe çykýardylar. Her söweşde-de Şawulyň beýleki goşunbaşylaryna garanda, Dawut has uly ýeňişler gazanýardy. Şunlukda, Dawudyň abraýy has artdy.


Dawut sözüni gutaranda, Şawul: «Dawut, oglum, bu asyl senmidiň?» diýip, möňňürip aglady.


Dawut oňa şeýle jogap berdi: «Ine, naýzaň, eý patyşahym! Goý, ony ýigitleriňden biri gelip, alyp gitsin.


Seniň janyň bu gün meniň üçin gymmatly bolşy ýaly, goý, Reb hem meniň janymy gymmatly görsün. Goý, Ol meni ähli bela-beterlerden gorasyn».


Şawul Dawudyň Gata gaçandygyny eşidip, ony gözlemegini bes etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ