44 Şawul bolsa Dawuda beren gyzy Mikaly gallymly Laýyşyň ogly Palta berdi.
44 Шавул болса Давуда берен гызы Микалы галлымлы Лайышың оглы Палта берди.
Soňra Dawut: «Ýüz piliştliniň pürçügini berip alan aýalym Mikaly özüme gaýtaryp ber» diýen habar bilen Şawulyň ogly Yşboşede çapar gönderdi.
Yşboşet adam iberip, Mikaly onuň adamsy Paltyýelden yzyna aldy. Paltyýel Laýyşyň ogludy.
Bar sesiňe gygyr, eý, Gallym gyzy! Gulak goý, eý, Laýşa! Eý, görgüli Anatot!
Şondan soň Dawuda Şawulyň Mikal atly gyzy aşyk boldy. Bu barada Şawula aýdanlarynda, ol hoşal boldy.
Dawut öz adamlary bilen gidip, iki ýüz sany piliştlini öldürdi. Patyşa giýew bolmak üçin, ol olaryň pürçüklerini başbütin getirip, oňa berdi. Şondan soň gyzy Mikaly Şawul Dawuda durmuşa çykardy.