Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 25:39 - Mukaddes Kitap

39 Nabalyň ölendigini eşidende, Dawut şeýle diýdi: «Meni kemsideni üçin, Nabaly günäkär saýan we Öz guluny ýaman işden saklan Rebbe alkyş bolsun! Reb Nabalyň ýaman niýetini onuň öz başyndan inderdi». Dawut Abygaýyla öýlenmek üçin oňa sawçy iberdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Набалың өлендигини эшиденде, Давут шейле дийди: «Мени кемсидени үчин, Набалы гүнәкәр саян ве Өз гулуны яман ишден саклан Реббе алкыш болсун! Реб Набалың яман ниетини онуң өз башындан индерди». Давут Абыгайыла өйленмек үчин оңа савчы иберди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 25:39
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut amalege: «Döken ganyň öz başyňa barsyn. Çünki sen Rebbiň seçip-saýlan adamyny öldürendigiňe öz diliň bilen şaýatlyk etdiň» diýdi.


Patyşa sözüni dowam etdirip: «Kakam Dawuda eden ähli ýamanlyklaryňy özüň bilýänsiň. Şol eden ýamanlyklaryňy Reb seniň öz başyňdan inderer.


Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.


Ýöne Ester patyşanyň huzuryna baranda, patyşa: «Hamanyň ýahudylara garşy guran hilesi onuň öz başyna gelsin hem-de onuň özi we ogullary dardan asylsyn» diýip, ýazmaça perman çykardy.


Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar, gazan çukuryna-da onuň özi düşýär.


Çünki Sen adalatly alyp bardyň dawamy, Sen tagtda oturyp, çykardyň dogry karary.


Gowy aýala gowşan gowulyk tapýandyr we Rebbiň razylygyny gazanýandyr.


Öý we mal-mülk atalardan miras, ýöne paýhasly aýal Rebdendir.


Çünki olaryň tarapyny Reb tutar, olary talany Ol talar.


Başarjaň aýaly kim tapyp bilýär? Onuň gadyr-gymmaty jöwherden ýokarydyr.


Görmegeýlik aldawçydyr, owadanlyk puçdur, diňe Rebden gorkýan aýal taryplanýandyr.


Kiçi uýam bar, mämeleri heniz tözlenmedik, uýamyza söz aýdylan güni onuň üçin näme ederis?


Meniň tarapymy çalyp, höküm edip, tä alyp berýänçä hakym, çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn. Çünki men Rebbe garşy günä etdim. Ol meni ýagtylyga çykarar, men Onuň hakykatyny görerin.


Biz siziň ýaman işleri etmezligiňiz üçin Hudaýa doga-dilegler edýäris. Şeýtmek bilen, biz özümizi synagdan geçen hökmünde görkezmek islämzok. Tersine, biz synagdan geçmedik bolup görnäýenimizde-de, siz ýagşy işleri etseňiz, şol ýeterlikdir.


Goý, parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý sizi hemmetaraplaýyn päklesin. Rebbimiz Isa Mesih gelende ruhuňyz, janyňyz we bedeniňiz aýypsyz bolsun.


Ol meni her dürli ýamanlyklardan halas edip, meni gökdäki Şalygyna sag-aman ýetirer. Rebbe baky we ebedi şan-şöhrat bolsun! Omyn.


«Ysraýyl ýolbaşçylary aýaga galanda, halk olara meýletin boýun bolanda, Rebbe alkyş aýdyň!


Ysraýyl patyşasy kimiň garşysyna çykdy? Sen kimi yzarlap ýörsüň? Haýsydyr bir itiň maslygynymy ýa bir büränimi?


Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý, agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun.


Dawut Abygaýyla şeýle diýdi: «Şu gün meni saňa duşuran Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Dogrusyny aýtsam, size hasrat getirmekden meni saklan Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin, eger sen haýal etmän meniň ýanyma gelmedik bolsadyň, onda daň atýança Nabalyň ýekeje erkek göbeklisini goýman gyrjagym şübhesizdi».


Dawudyň adamlary Karmele Abygaýylyň ýanyna gelip, oňa: «Dawut bizi saňa sawçylyga iberdi» diýdiler.


Dawut oňa ýene şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, ony ýa Reb urar, ýa ol öz ajalyna öler ýa-da söweşde öler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ