Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 25:36 - Mukaddes Kitap

36 Abygaýyl Nabalyň ýanyna gaýdyp geldi. Ol öýünde şalarça meýlis gurap otyrdy. Ol çendenaşa serhoşdy, keýpi diýseň çagdy. Şoňa görä, daň atýança Abygaýyl oňa dil ýarmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Абыгайыл Набалың янына гайдып гелди. Ол өйүнде шаларча мейлис гурап отырды. Ол ченденаша серхошды, кейпи дийсең чагды. Шоңа гөрә, даң атянча Абыгайыл оңа дил ярмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 25:36
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iki ýyldan soň Abşalom Efraýyma golaý bolan Bagalhasorda goýun gyrkdyrýardy. Ol patyşanyň ähli ogullaryny şol ýere çagyrdy.


Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»


Abner ýigrimi adam bilen bile Hebrona Dawudyň ýanyna bardy. Dawut olar üçin meýlis gurady.


Welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerler günortan hüjüme başladylar. Benhadat bolsa özi bilen ylalaşyk baglaşan otuz iki patyşa bilen çadyrda şerap içip, serhoş bolup otyrdy. Benhadadyň Samariýa iberen esgerleri oňa: «Bir topar esgerler Samariýadan çykyp gelýärler» diýip habar berdiler.


Eýsem Hudaýymyz Reb kimin barmy? Ol göklerde oturan bolsa-da,


Şerap biabraý edýändir, çakyr dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.


Meýlis keýpi-sapa üçin edilýändir, şerap durmuşa şatlyk berýändir, pul her mätäçligiň öwezini dolýandyr.


Efraýymyň serhoşlarynyň buýsanjy bolan täji aýak astynda depelener.


Ir turup, çakyr ugrunda ylgaýanlaryň, giç agşama çenli şerap içip, möwç alýanlaryň dat gününe!


Men onuň ýolbaşçylaryny, akyldarlaryny, häkimlerini, serkerdelerini, urşujylaryny serhoş ederin. Olar ebedi uka gidip oýanmazlar. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, arakhorlar kimin serhoşdyrlar; gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Onsoň Isa Özüni çagyrana: «Günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyny bereniňde, dost-ýarlaryňy, dogan-garyndaşlaryňy, baý goňşularyňy çagyrma. Eger çagyrsaň, olar hem seni çagyryp, munuň öwezini dolar.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň.


Ol hyzmatkärlerine: «Öňüme düşüň, men siziň yzyňyzdan ýörejek» diýdi. Ýöne ol adamsy Nabala hiç zat aýtmady.


Ertesi irden, serhoşlykdan açylansoň, bolan işleriň baryny aýaly oňa gürrüň berdi. Bu zatlary eşiden Nabalyň ýüreginden tutdy, ol doňňara daşa döndi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ