Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 25:34 - Mukaddes Kitap

34 Dogrusyny aýtsam, size hasrat getirmekden meni saklan Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin, eger sen haýal etmän meniň ýanyma gelmedik bolsadyň, onda daň atýança Nabalyň ýekeje erkek göbeklisini goýman gyrjagym şübhesizdi».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Догрусыны айтсам, сизе хасрат гетирмекден мени саклан Ысрайыл Худайы Ребден ант ичйәрин, эгер сен хаял этмән мениң яныма гелмедик болсадың, онда даң атянча Набалың екеҗе эркек гөбеклисини гойман гырҗагым шүбхесизди».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 25:34
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý Abymelege düýşünde şeýle diýdi: «Seniň muny päk ýürekden edendigiňi Men bilýärin. Seni Özüme garşy günä etmeklikden saklan Mendirin. Şonuň üçin seniň oňa el urmagyňa ygtyýar bermedim.


Gibgonlylar Gilgaldaky düşelgesinde bolan Ýeşuwa: «Öz gullaryňdan el çekme, tizräk gel-de, bizi halas et. Bize kömek et, sebäbi daglykda ýaşaýan ähli amor hanlary biziň garşymyza güýç birikdiripdirler» diýip habar iberdiler.


Gilgaldan çykanlaryndan soň, Ýeşuwa bütin gije ýol ýöräp, olaryň üstüne duýdansyz geldi.


Daňyň ümüş-tamşynda Şawul adamlary üç topara böldi. Daň agaranda olar ammonlaryň düşelgesine aralaşdylar we Gün günortan bolýança, olary ýer bilen ýegsan etdiler. Diri galanlar dyr-pytrak bolup gaçdylar.


Şundan soň Abygaýyl wagt ýitirmän, iki ýüz çörek, iki tulum şerap, bäş goýnuň gowurdagyny, bir batman gowurgany, ýüz goşawuç kişmişi, iki ýüz goşawuç injir kişdesini aldy-da, olary eşeklere ýükledi.


Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin».


Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý, agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun.


Nabalyň ölendigini eşidende, Dawut şeýle diýdi: «Meni kemsideni üçin, Nabaly günäkär saýan we Öz guluny ýaman işden saklan Rebbe alkyş bolsun! Reb Nabalyň ýaman niýetini onuň öz başyndan inderdi». Dawut Abygaýyla öýlenmek üçin oňa sawçy iberdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ