Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 25:28 - Mukaddes Kitap

28 Öz gyrnagyňyň hyýanatçylygyny bagyşla. Rebbiň agamyň neslini abat etjegi şübhesizdir, sebäbi agam Reb üçin göreşýär. Ömürboýy senden ýamanlyk çykmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Өз гырнагыңың хыянатчылыгыны багышла. Реббиң агамың неслини абат этҗеги шүбхесиздир, себәби агам Реб үчин гөрешйәр. Өмүрбойы сенден яманлык чыкмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 25:28
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“ diýipdi» diýdiler.


Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men seni ähli duşmanlaryňdan gorap saklajak. Men-Reb seniň üçin bir öý bina etjekdigimi jar edýärin.


Seniň nesliň hem şalygyň Meniň huzurymda baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder“».


„Sebäbi, eý, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb, Seniň nesliňi baky berkarar ederin“ diýip, guluňa Özüň aýan etdiň. Şoňa görä-de, guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi.


Abyýam hem kakasynyň eden günälerini gaýtalady. Ol atasy Dawut ýaly Rebbe wepaly bolmady.


Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi.


Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men ähli duşmanlaryňy boýun egdirerin. Men-Reb seniň üçin bir öý bina etjekdigimi jar edýärin.


Sen, eý, Hudaýym, „Saňa nesil berjek“ diýip, guluňa Özüň aýan edipdiň. Şoňa görä-de, guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi.


Ýahazyýal şeýle diýdi: «Eý, ýahuda halky, Iýerusalimiň ilaty, patyşa Ýehoşapat, gulak asyň! Reb size şeýle diýýär: „Siz bu beýik goşundan gorkmaň, heder etmäň, çünki uruş siziňki däldir, Hudaýyňkydyr.


Ýogsam hiç kim ýokka meni halas edere, olar şir dek meni parçalaýmasyn.


Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny, Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin. Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir. Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


Biz öz etmişimize laýyk adalatly jeza aldyk. Emma bu adam hiç hili erbetlik etmedi ahyry» diýdi.


Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.


Şu ähli halk Rebbiň gylyçdyr naýzaly halas etmeýändigini biler, çünki söweş Rebbiňkidir. Ol sizi biziň elimize berer».


Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.


Men Özüme göwnümden turjak we pisindim oturjak işleri etjek wepadar bir ruhany saýlaryn. Men onuň neslini ebedileşdirerin, ol ömürbaky Meniň seçip-saýlan patyşamyň huzurynda gezer.


Ahymelek Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut seniň nökerleriňiň iň wepalysy ahyryn. Ol seniň giýewiň, baş janpenaň hem-de seniň köşgüňde iň hormatly adamdyr.


Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip-saýlanydyr“ diýdim.


Dawut sözüni gutaranda, Şawul: «Dawut, oglum, bu asyl senmidiň?» diýip, möňňürip aglady.


Seniň hökman patyşa bolmalydygyňy, Ysraýyl patyşalygynyň seniň eliňde berkarar boljakdygyny men häzir bildim.


Ol ýoluň ýakasyndaky dowar agyllaryna geldi. Şol ýerde bir gowak bardy. Şawul aýak ýoly üçin şol gowagyň içine girdi. Şol wagt Dawut adamlary bilen bile gowagyň töründe otyrdy.


Ol Dawudyň aýagyna ýykylyp, şeýle diýdi: «Günäsi, goý, meniň boýnuma bolsun, agam. Özüň bilen gepleşmäge gyrnagyňa ygtyýar et, onuň iki agyz sözüni diňle.


Piliştli baştutanlar: «Ýewreýler bu ýerde näme işleýär?» diýdiler. Akyş han olara şeýle jogap berdi: «Onuň Ysraýylyň şasy Şawulyň guly Dawutdygyny siz bilýärsiňiz ahyryn. Bir ýyldan gowurak wagt bäri ol meniň ýanymda. Gelen gününden tä şu güne çenli men onuň ýaramaz iş edenini görmedim».


Dawut Ziklaga gelip, «Ine, şu Rebbiň duşmanlaryndan alnan oljadan size sowgat» diýip, öz dostlary bolan ýahuda ýaşulularyna iberdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ