Iberen sowgatlarymy kabul et. Hudaý meni ýalkady. Mende hemme zat bar» diýdi. Şeýdip, Ýakup Ysawy sowgatlaryny kabul etmäge yrdy; Ysaw olary kabul etdi.
Dawut patyşa oňa: «Bu zatlary näme üçin getirdiň?» diýdi. Siba: «Eşekler-ä patyşanyň maşgalasyna ulag bolar, çöreklerdir ir-iýmişler ýigitlere iýmit bolar, şeraby bolsa çöldäki argyn adamlar içerler» diýip jogap berdi.
Onsoň Nagaman ýanyndakylar bilen bile Hudaýyň adamynyň ýanyna dolanyp bardy. Ol gelip, Elýaşanyň öňünde durup: «Men indi tutuş ýer ýüzünde Ysraýylyň Hudaýyndan başga hiç bir hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Haýyş edýärin, bu guluň peşgeşini kabul edäý» diýdi.
Şoňa görä-de, wada edilen hemaýatyňyzyň taýýardygyna göz ýetirmek üçin, özüm barmazdan öň doganlarymyzy ýanyňyza ibermeli diýen karara geldim. Ýöne men hemaýatyňyzyň mejbury däl-de, göwünjeňlik bilen berlen peşgeş bolmagyny isleýärin.