Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 25:22 - Mukaddes Kitap

22 Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Эгер даң атянча онуң эркек гөбеклисиниң барыны гырмасам, онда, гой, Худай маңа-да шоны, хатда ондан-да бетерини гөркезсин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 25:22
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin.


Zimri patyşa bolup, Elanyň tagtynda oturan badyna, Bagşanyň bütin nesillerinden, dogan-garyndaşlaryndan we dost-ýarlaryndan bolan bar erkegi öldürdi.


Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men seniň başyňdan bela inderip, seniň ýoguňa ýanaryn! Ysraýylda isle gul bolsun, isle-de azat, parhy ýok, Ahabyň erkek nesilleriniň baryny gyraryn.


Çünki Ahabyň maşgalasynyň ýekejesi-de diri galmaz. Men Ysraýylda isle gul bolsun, isle azat – Ahapdan bolan ähli erkekleriň baryny gyraryn.


Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Şawul Ýonatana: «Eger men seni öldürmesem, onda Hudaý meniň özümi öldürer, hatda ondan beterini görkezer» diýdi.


Emma ol ýamanlyk etmegi ýüregine düwäýse, menem ony saňa ýetirmesem, seni sag-salamat ýola salmasam, onda, goý, Reb maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin. Reb kakama ýar bolşy ýaly, saňa-da ýar bolsun.


Şunlukda, «Dawudyň duşmanlarynyň jezasyny, goý, Rebbiň Özi bersin» diýip, Ýonatan Dawudyň kowumy bilen äht edişdi.


Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ