Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 25:17 - Mukaddes Kitap

17 Indi şuny bil-de, näme etmelidigiň hakda oýlan, çünki biziň hojaýynymyza we onuň tutuş maşgalasyna garşy erbet karara gelnendir. Nabalyň häsiýeti juda ýaramaz, onuň bilen gepleşip bilýän adam ýok».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Инди шуны бил-де, нәме этмелидигиң хакда ойлан, чүнки бизиң хоҗайынымыза ве онуң тутуш машгаласына гаршы эрбет карара гелнендир. Набалың хәсиети җуда ярамаз, онуң билен геплешип билйән адам ёк».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 25:17
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gat muny Dawuda aýtdy we oňa: «Ýurduňa ýedi ýyl açlyk gelsinmi ýa üç aýlap duşmanlaryňa kowduryp, olardan gaçyp gezjekmi, ýa-da ýurduňa üç günläp gyrgyn keseli gelsinmi? Pikir et-de, belli karara gel; meni iberen Rebbe berjek jogabyňy aýt» diýdi.


Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».


Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.


Boş we ýaramaz adamlar Ýarobgamyň ýanyna ýygnanyp, Süleýmanyň ogly Rehabgamyň garşysyna çykdylar. Rehabgam ýaş we tejribesiz bolansoň, olar bilen urşup bilmedi.


Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.


Patyşa gazaba münüp, meýlisden çykyp, köşk bagyna tarap çykyp gaýtdy. Haman şa aýaly Esterden öz janyny dilejek bolup şol ýerde galdy, çünki ol patyşanyň özüni öldürmek kararyna gelendigini görüp durdy.


Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.


galanyň ýaşaýjylaryny tanamaýan hudaýlaryna gulluk etmäge çagyryp, olary ýoldan çykarmakda baş bolandyklaryny eşitseňiz,


Olar ýaňy bir ýazylyp-ýaýnanlarynda, galanyň azgyn adamlary jaýyň daşyny gabadylar. Gapyny ýumruklap, öýüň hojaýynyna: «Öýüňe gelen erkegi daşaryk çykar, biz ony zorlajak» diýip gygyrdylar.


Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, oňa pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.


Eliýiň ogullary ruhany bolsalar-da, ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar,


Eger ol „Bolýar“ diýäýse-hä, guluňa ne ýagşy, emma gaharlanaýsa, onda onuň niýetini ýamana düwenligidir.


Ýonatan oňa: «Aýdýanyň näme?! Kakamyň saňa ýamanlyk etjegini bilerin-de, heý, onam saňa aýtmarynmy?!» diýdi.


Bile goýunlarymyzy saklanymyzda, olar biziň daşymyzyň galasy bolupdylar.


Şundan soň Abygaýyl wagt ýitirmän, iki ýüz çörek, iki tulum şerap, bäş goýnuň gowurdagyny, bir batman gowurgany, ýüz goşawuç kişmişi, iki ýüz goşawuç injir kişdesini aldy-da, olary eşeklere ýükledi.


Haýyş edýärin, agam, bu nejis Nabalyň sözlerini göwnüňe alma. Onuň özi-de ady ýalydyr. Onuň ady Nabal, özi-de akmak. Men keniziň agamyň, ýagny seniň iberen nökerleriňi görmändirin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ