Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 24:8 - Mukaddes Kitap

8 Şeýdip, Dawut öz adamlaryna käýedi we olara Şawulyň garşysyna uruşmaga rugsat bermedi. Şawul bolsa gowakdan çykyp, öz ýoluna gitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Шейдип, Давут өз адамларына кәеди ве олара Шавулың гаршысына урушмага ругсат бермеди. Шавул болса говакдан чыкып, өз ёлуна гитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 24:8
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt Ybram Onuň öňünde ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur: sen köp milletleriň atasy bolarsyň;


Onsoň Batşeba ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi we: «Goý, jenabym Dawut patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.


Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.


Şoňa görä-de, her kese berilmelisini: salgyt bolsa – salgydy, gümrük bolsa – gümrügi, gorky bolsa – gorkyny, hormat bolsa – hormaty beriň.


Hemmelere hormat goýuň. Imanly doganlaryňyzy söýüň, Hudaýdan gorkuň, patyşany sylaň.


Oglanjyk giden badyna Dawut günorta tarapdan peýda boldy. Ol ýüzüni ýere berip, üç gezek tagzym etdi. Soňra Ýonatan ikisi ogşaşyp aglaşdylar. Dawut has köp aglady.


Ol adamlaryna şeýle diýdi: «Jenabyma, Rebbiň saýlan adamyna beýle zat etmekden, oňa garşy el götermekden Rebbiň Özi saklasyn, çünki ol Rebbiň seçip-saýlanydyr».


Soňra Dawut hem gowakdan çykdy-da: «Eý, jenabym, patyşahym!» diýip, Şawulyň yzyndan gygyrdy. Şawul yzyna garanda, Dawut ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi.


Şawul Dawudyň sesini tanady we: «Dawut, oglum, bu seniň sesiň ýaly-la» diýdi. Dawut: «Hawa, bu meniň sesim, eý, jenabym we patyşahym» diýdi.


Şawul: «Görnüşi nähili?» diýdi. Aýal: «Egni donly bir garry adam ýerden çykyp gelýär» diýdi. Şondan soň Şawul onuň Şamuweldigine göz ýetirip, ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ