Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 23:9 - Mukaddes Kitap

9 Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efody getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Шавулың ниетиниң ямандыгыны биленде, Давут руханы Абятара: «Эфоды гетир, Худайың ислегини билели» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 23:9
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa Abýatar ruhana şeýle diýdi: «Bar, öz Anatotdaky ýeriňe git, çünki sen ýaşamaga mynasyp dälsiň. Emma men seni şu wagt öldürjek däl, çünki sen kakam Dawudyň öňünde Hökmürowan Rebbiň sandygyny göterdiň, sen kakamyň ähli muşakgatlyklaryny deň çekişdiň».


„Meni çagyr, saňa jogap bereýin, seniň bilmeýän beýik hem pynhan zatlaryňyň syryny aýdaýyn“.


Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.


Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».


Resullar mundan habarly bolansoňlar, Likaoniýanyň Listra, Derbe şäherlerine we olaryň daş-töweregine gaçdylar.


Ýöne olaryň dildüwşügi Şawula belli boldy. Olar ony öldürmek üçin gije-gündiz şäher derwezelerini garawullaýardylar.


Olar: «Ol heniz bu ýere gelenokmy?» diýip, Rebden soradylar. Reb: «Ol, ine, ýüküň aňyrsynda gizlendi» diýip jogap berdi.


Şawul Ahyýa ruhana: «Hudaýyň sandygyny getir» diýdi. Çünki Hudaýyň sandygy şol gün ysraýyllaryň ýanyndady.


Ýöne Ahytubyň agtyklarynyň biri, Ahymelegiň ogullarynyň biri bolan Abýatar gaçyp, başyny gutardy we Dawudyň yzyndan gitdi.


Dawut: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Şawulyň men guluň sebäpli Kegilany ýok etmek üçin gelýändigini eşitdim.


Ahymelegiň ogly Abýatar gaçyp, Dawudyň ýanyna gelende, onuň elinde efot bardy.


Kegila gidip, Dawudy gabawa salmak üçin, Şawul tutuş halky urşa çagyrdy.


Ol Ahymelegiň ogly ruhany Abýatara: «Efody getir» diýdi. Abýatar efody Dawudyň ýanyna getirdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ